UEFA Konferensiýa Ligasynda ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Şwesiýada “Ýurgorden” topary bilen duşuşan “Çelsi” topary garşydaşyny 4-1 hasabynda ýeňdi. Londonlylara ýeňiş getiren gollary Sanço (13), Madueke (43) hem-de Jekson (59, 65) geçirdi. Ýer eýeleriniň ýeke-täk pökgüsini-de 68-nji minutda Alemaýehu öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, myhmançylykda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsiniň” finala çykmakda kynçylyk çekmejekdigini bellese bolar.

Ýarym finalyň beýleki oýnunda “Betis” soňky 2 ýylyň finalçysy “Fiorentinadan” öz meýdançasynda 2-1 hasabynda üstün çykdy. Ezzalzuliniň 6-njy hem-de Antoniniň 64-nji minutlarda geçiren gollaryna italýan kluby Ranieriniň 73-nji minutdaky goly bilen jogap berdi.

Jogap oýunlary 8-nji maýda oýnalar.