FIFA Klublar Dünýä Kubogynda ilkinji 2 ýarym finalçy belli boldy. Çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy hem birmeňzeş hasaplar bilen tamamlandy.

“Fluminense” topary bilen “Al Hilal” toparynyň arasyndaky duşuşyk çekeleşikli hem-de dartgynly ýagdaýda geçdi. Brazil kluby 40-njy minutda Mateus Martinelliniň goly bilen öňe saýlansa-da, “Al Hilal” topary braziliýaly futbolçysy Markos Leonardonyň 51-nji minutda salan goly esasynda hasaby deňledi. Duşuşygyň 70-nji minutynda tapawutlanan Herkules “Fluminense” toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Oýnuň galan minutlarynda arap klubunyň hasaby deňlemek üçin eden tagallasy ýeterlik bolmady. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Fluminse” topary ýarym finala adyny ýazdyrdy.

“Fluminense” toparynyň ýarym finaldaky garşydaşy “Çelsi” kluby boldy. “Çelsi” topary çärýek finalda Braziliýanyň “Palmeiras” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. 16-njy minutda Koul Palmeriň goly bilen öňe geçen iňlislere sambaçylar Estewan Willianyň goly bilen jogap berdi. Estewan Willian häzirki wagtda “Çelsiniň” futbolçysy bolup, kluby ony geçen tomusda transfer edipdi. 18 ýaşyndaky futbolçy bu ýaryşdan soň “Çelsiniň” düzümine goşular.

Duşuşygyň 83-nji minutynda Wewertonyň awtogoly bilen “Çelsi” ýeňşini baýram etdi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” ýarym finalda “Fluminenseniň” garşydaşy boldy. “Fluminense” “Çelsiniň” şu ýaryşyň çäginde özara duşuşyk geçirjek 3-nji brazil topary bolar. Londonlylar toparçada “Flamengo” bilen duşuşyp, 3-1 hasabynda ýeňlipdi. Çärýek finalda bolsa “Çelsi” “Palmeiras” toparyny ýeňdi.

“Fluminense” bilen “Çelsiniň” arasyndaky ýarym final duşuşygy 8-nji iýuldan 9-njy iýula geçilýän gijede Aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.

Beýleki ýarym finalyň jübütleri şu gijeki PSŽ – “Bawariýa” (21:00) hem-de “Real Madrid” – “Borussiýa Dortmund” (01:00) duşuşyklaryndan soň belli bolar.