UEFA Çempionlar Ligasynyň 35-nji, umumylykda-da bu ýaryşyň 72-nji möwsüminiň final tapgyryna gatnaşjak 36 klubuň ählisi hem belli boldy. Gatnaşýan 36 klub jemi 16 ýurda wekilçilik edýär. Liga formatynda geçiriljek 3-nji möwsümde Angliýadyr Ispaniýadan 5, Italiýadan, Germaniýadan 4, Fransiýadan 3, Niderlandlardan, Portugaliýadan, Türkiýeden, Norwegiýadan 2, Gresiýadan, Çehiýadan, Slowakiýadan, Azerbaýjandan, Awstriýadan, Belgiýadan hem-de Ukrainadan 1 klub Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminde çykyş eder.

“Fenerbahçeniň” gatnaşmagy bilen Türkiýeden 19 ýyldan soň 6-njy gezek 2 topar bilelikde ýaryşa goşuldy. Norwegiýadan hem soňky gezek 1999/2000 möwsüminde 2 topar çykyş edipdi.

4 klub – Italiýadan “Komo”, Norwegiýadan “Wiking”, Azerbaýjandan “Sabah” hem-de Awstriýadan LASK toparlary ilkinji gezek Çempionlar Ligasynda çykyş ederler. Şeýlelikde, 1992/93 möwsüminde Çempionlar Ligasy adyny alan bu ýaryşa şu wagta çenli gatnaşan klublaryň sany 34 ýurtdan 162-e ýetdi. “Komo” topary umumylykda UEFA-nyň ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýar.

Madrid, Mançester hem-de Stambul şäherlerinden 2 klub Çempionlar Ligasynyň şu möwsüminde çykyş ederler.

Ispaniýanyň “Real Madrid” hem-de “Barselona” topary 31-nji gezek gatnaşyp, olar bu ugurda rekordy paýlaşýarlar. “Real Madrid” yzly-yzyna 30-njy gezek wekilçilik eder we olar bu statistika boýunça bäsdeşlerinden ep-esli öňde barýar. Bawariýa” 19-sy yzly-zyna 30-njy gezek Çempionlar Ligasynda çykyş etse, “Porto” 2 ýyllyk arakesmeden soň 28-nji sapar yklymyň iň uly klub ýaryşynda oýnar. “Mançester Ýunaýted” 26-njy, “Arsenal 23-nji, “Borussiýa Dortmund” 21-nji, “Inter”, PSW 20-nji, soňky 2 ýylyň çempiony PSŽ, “Galatasaraý, “Şahtýor Donesk” 19-njy, “Liwerpul” 18-nji, Atletiko” 14-si yzly-yzyna 17-nji gezek Çempionlar Ligasyna gatnaşar. “Mançester Siti” bolsa bassyr 16-njy gezek Çempionlar Ligasynda çykyş eder.

UEFA Çempionlar Ligasynda liga tapgyrynyň duşuşyklary 8-10-njy sentýabrda, 13-14-nji, 20-21-nji oktýabrda, 3-4-nji, 24-25-nji noýabrda, 8-9-njy dekabrda hem-de geljek ýylyň 19-20-nji we 27-nji ýanwarynda geçiriler. 8 onuň netijesinde öňdäki 8 orny eýelän toparlar gönümel 1/8 finala çyksa, 9-16-njy orny eýelänler bilen 17-24-nji orunda tamamlanlar geljek ýylyň fewral aýynda goşmaça pleý-off duşuşyklaryny geçirerler. 2 oýunda ýeňiş gazananlar 1/8 finala atlaryny ýazdyrarlar. 1/8 finalyň oýunlary martda, çärýek final aprelde, ýarym final aprel hem-de maýda oýnalar. Final duşuşygy bolsa geljek ýylyň 5-nji iýunynda Madriddäki “Metropolitano” stadionynda (“Atletikonyň” stadiony) geçiriler.

Çempionlar Ligasynyň liga tapgyrynda haýsy toparlaryň haýsy toparlar bilen duşuşjakdygy şu gijeki bije çekiliş dabarasynda belli bolar. Bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

 

 

1-nji TORBA

PSŽ (Fransiýa)

Bawariýa (Germaniýa)

Real Madrid (Ispaniýa)

Liwerpul (Angliýa)

Inter (Italiýa)

Mançester Siti (Angliýa)

Arsenal (Angliýa)

Barselona (Ispaniýa)

Atletiko Madrid (Ispaniýa)

 

2-nji TORBA

Borussiýa Dortmund (Germaniýa)

Roma (Italiýa)

Sporting (Portugaliýa)

Aston Willa (Angliýa)

Porto (Portugaliýa)

Mançester Ýunaýted (Angliýa)

Klub Brýugge (Belgiýa)

Betis (Ispaniýa)

PSW (Niderlandlar)

 

3-nji TORBA

Feýenoord (Niderlandlar)

Lill (Fransiýa)

Bude-Glimt (Norwegiýa)

Napoli (Italiýa)

Leipsig (Germaniýa)

Wilýarreal (Ispaniýa)

Fenerbahçe (Türkiýe)

Şahtýor Donesk (Ukraina)

Galatasaraý (Türkiýe)

 

4-nji TORBA

Slawiýa Praga (Çehiýa)

Slowan Bratislawa (Slowakiýa)

Ştutgart (Germaniýa)

AEK Afiny (Gresiýa)

LASK (Awstriýa)

Komo (Italiýa)

Lans (Fransiýa)

Wiking (Norwegiýa)

Sabah (Azerbaýjan)