UEFA Çempionlar Ligasynda şu gün hem-de ertir gije 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary geçiriler. Şu gijeki oýunlarda “Galatasaraý” öz meýdançasynda “Liwerpuly” kabul eder. Duşuşyk 22:45-de başlanar.
Şeýle-de “Bawariýa” italýan kluby “Atalantanyň”, “Barselona” bolsa Angliýada “Nýukaslyň” myhmany bolar. Madridiň “Atletikosy” öz meýdançasynda “Tottenham” bilen duşuşar. Bu 3 duşuşygyň başlanýan wagty bolsa ýarygijeden soň 01:00-da diýlip bellenildi.
Ertirki duşuşyklarda bolsa “Baýer” öz meýdançasynda “Arsenal” bilen duşuşar. Oýun 22:45-de başlanar. Ýarygijeden soň 01:00-da başlanjak duşuşyklarda ýaryşyň sýurpriz topary “Bude-Glimt” öz meýdançasynda “Sporting” bilen güýç synanyşar. Soňky 4 ýylda bolşy ýaly, janköýerler bassyr 5-nji gezek şu möwsümde-de “Real Madrid” – “Mançester Siti” duşuşyklarynyň nobatdaky 2 oýnuna tomaşa ederler. Olaryň 1-njisi 11-nji martda “Bernabeu” stadionynda oýnalar.
Çarşenbe agşamynyň ýene bir esasy duşuşygy Londonda “Çelsi” bilen soňky çempion PSŽ-niň arasynda oýnalar.
Şu gije (10-njy mart, sişenbe)
Galatasaraý – Liwerpul (22:45)
Atalanta – Bawariýa (01:00)
Nýukasl – Barselona (01:00)
Atletiko – Tottenham (01:00)
Ertir gije (11-nji mart, çarşenbe)
Baýer – Arsenal (22:45)
Bude-Glimt – Sporting (01:00)
Real Madrid – Mançester Siti (01:00)
Çelsi – Pari Sen-Žermen (01:00)
PDF









