Şu gün UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümiň 2-nji duşuşyklaryna badalga berler. Şu gijeki 8 duşuşygyň arasynda “Galatasaraý” – “Barselona” duşuşygy öňe saýlanýar. “Arsenal” öz meýdançasynda “Lilli” kabul etse, “Inter” Juseppe Meazzada “Klub Brýugge” bilen duşuşar. “Bawariýa” hem ýaryşyň debýutanty “Wikingiň” myhmany bolar. Ispaniýada “Wilýarreal” bilen “Napoli” özara güýç synanyşar.
Ertirki oýunlara seretsek, Rimde Žoze Mourinio häzirki topary “Real” bilen ozalky topary “Romanyň” myhmany bolar. Tapgyryň iň esasy ünsi çekýän duşuşygy bolsa Mançesterde ýerli “Mançester Siti” bilen kubogyň häzirki eýesi PSŽ duşuşar. Oýna germaniýaly Swen Ýablonski eminlik eder.
Ertirki oýunlarda Germaniýanyň başga bir wekili “Borussiýa Dortmund” hem Norwegiýada “Bude-Glimt” bilen duşuşar.
13-nji oktýabr (sişenbe)
21:45 I Lans – Sporting
21:45 I Sabah – Slawiýa Praga
00:00 I Arsenal – Lill
00:00 I Atletiko – Mançester Ýunaýted
00:00 I Inter – Klub Brýugge
00:00 I Galatasaraý – Barselona
00:00 I Leipsig – PSW
00:00 I Wiking – Bawariýa
00:00 I Wilýarreal – Napoli
14-nji oktýabr (çarşenbe)
21:45 I Feýenoord – Komo
21:45 I LASK – Liwerpul
00:00 I Roma – Real Madrid
00:00 I Aston Willa – Fenerbahçe
00:00 I Şahtýor Donesk – AEK Afiny
00:00 I Bude-Glimt – Borussiýa Dortmund
00:00 I Mançester Siti – Pari Sen-Žermen
00:00 I Betis – Porto
00:00 I Slowan Bratislawa – Ştutgart
PDF








