UEFA Çempionlar Ligasynda ýylyň iň soňky duşuşyklary şu gije hem-de ertir geçiriler. Ýagny liga tapgyrynyň 6-njy duşuşyklary oýnalar. Tapgyryň iň öňe saýlanýan esasy duşuşy Madridde geçiriler. Esasan hem “La Ligada” soňky 5 oýunda 1 ýeňiş gazanyp, üstün çykmakda azda-kände kynçylyk çekýän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” kabul eder. Iki klub mundan öňem 14 gezek duşuşyp, ispanlar 5, iňlisler 4 duşuşykda ýeňiş gazandy. Soňky 4 möwsüm yzly-yzyna pleý-off oýunlarynda gabatlaşan toparlaryň 5 duşuşygy deňlikde tamamlandy.
Tapgyryň ýene bir esasy duşuşyk Milan şäherinde “Inter” bilen “Liwerpulyň” arasynda bolar. Agyr günleri başdan geçirýän “Liwerpulda” tälimçi bilen arasyna tow düşen Mohamed Salah düzümden çykaryldy.
9-njy dekabr (sişenbe)
Kairat – Olimpiakos (20:30)
Bawariýa – Sporting (22:45)
Monako – Galatasaraý (01:00)
Atalanta – Çelsi (01:00)
Barselona – Aýntraht (01:00)
Inter – Liwerpul (01:00)
PSW – Atletiko (01:00)
Ýunion Sent-Žilluaz – Marsel (01:00)
Tottenham – Slawiýa Praga (01:00)
10-njy dekabr (çarşenbe)
Garabag – Aýaks (22:45)
Wilýarreal – Kopengagen (22:45)
Atletik – PSŽ (01:00)
Baýer – Nýukasl (01:00)
Borussiýa Dortmund – Bude-Glimt (01:00)
Klub Brýugge – Arsenal (01:00)
Ýuwentus – Pafos (01:00)
Real Madrid – Mançester Siti (01:00)
Benfika – Napoli (01:00)
PDF









