Geçen möwsümde taryhynda 9-njy gezek Norwegiýanyň çempiony bolan “Wiking” topary Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşygynda Zagrebde “Dinamo” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Öz meýdançasynda bolsa garşydaşyny 3-1 hasabynda ýeňip, taryhy başarnyk görkezdi. Duşuşykda horwatlar 10-njy minutda Hodžanyň goly bilen öňe hem geçdi. Ýöne wikingler dessine, has takygy, 18-nji minutda Tripiçiň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly esasynda hasaby deňlemegi başardy. 2-nji ýarymyň başynda ýer eýeleri 2 minutda 2 gol geçirip, şol hasaby soňuna çenli saklamagyň hötdesinden geldi. 48-nji minutda Austbýu bilen 50-nji minutda Moi “Wiking” toparyna ýeňiş getiren oýunçylar boldy. Şeýlelikde, “Wiking” topary 3-1 hasabynda üstün çykyp, taryhynda ilkinji gezek UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
PDF








