Çempionlyk medaly 40 ýyldan soň gowşurylýar

127

“Mançester Ýunaýtediň” rowaýaty tälimçisi Ser Aleks Fergusona gazanan çempionlyk medaly 40 ýyldan soň gowşurylar. Bu barada iňlisleriň meşhur gazetlerinden “Daily Mail” habar berýär. Ferguson 1983-nji ýylda Şotlandiýanyň “Aberdin” topary bilen şol wagtky ýaryş bolan Kubokçylaryň Kubogy bäsleşigini gazanypdy. “Aberdin” topary şol ýyl finalda “Real Madridi” 2-1 hasabynda ýeňip, UEFA-nyň şol döwürlerdäki 2-nji derejeli kubogyny eýeläpdi. UEFA-nyň şol döwürdäki düzgünlerine laýyklykda, ýeňiş gazanan topara medallar esasy düzümde oýnan 11 futbolça hem-de ätiýaçdaky 5 oýunça berilýärdi. Şol berilmedik medal 12-nji maýda dabara bilen Aleks Fergusona hem-de şol wagtky kömekçisi Arçi Noksa gowşurylar. Tälimçilige 1974-nji ýylda “Ist Stirlingşaýr” toparynda başlan Ferguson soňlugy bilen, 1986-njy ýylda “Mançester Ýunaýtediň” tälimçisi bolýança “St. Mirren” hem-de “Aberdin” klublaryna-da tälim beripdi. 39 ýyllyk tälimçilik karýerasyna 4 kubok sygdyran Ferguson “Mançester Ýunaýtede” 27 ýyl tälimçilik etdi.