Çempionlykdan soň kubogy hem eýeledi

5

Italiýanyň Kubogy ýaryşynda “Inter” topary ýeňiji boldy. “Serie A”-nyň hem çempionlygyny gazanan “Inter” paýtagt Rimdäki “Stadio Olimpico”-da oýnalan finalda “Lasiony” 2-0 hasabynda ýeňdi. “Intere” ýeňiş getiren gollary 14-nji minutda Maruşiç (awtogol) bilen 35-nji minutda Lautara Martines geçirdi. Şunlukda, “Inter” 10-njy gezek Italiýanyň Kubogyny gazanyp, bu ugurda 15 ýeňşi bolan “Ýuwentusa” golaýlady. “Inter” topary mundan öň 1939-njy, 1978-nji, 1982-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2010-njy, 2011-nji, 2022-nji, 2023-nji ýyllarda Italiýanyň Kubogyny gazanypdy.