Dünýä boýunça her gün 40 milliondan gowrak adam saglygy goraýyş mowzugy boýunça “ChatGPT” çat-botyna ýüz tutýar. Bu barada çat-boty işläp düzüji “OpenAI” kompaniýasynyň barlaglaryna salgylanyp, “Axios” portaly habar berýär.
Alymlar ABŞ-nyň 1042 sany uly ýaşly ýaşaýjysynyň arasynda sowalnama geçirdiler. Barlagyň dowamynda çat-bot tarapyndan alynýan ähli soraglaryň 5 göterimden gowragynyň saglygy goraýyş bilen baglanyşyklydygy anyklandy.
Köp sanly amerikalylaryň lukmançylyk ätiýaçlandyryşlaryny deňeşdirmekde we hyzmatlaryň tölegi boýunça maslahat soraýandygy mälim boldy. Bu hili ýüz tutmalaryň uly bölegi, adatça, bejeriş edaralarynyň ýapyk wagtynda bolup geçýär.
Soňky üç aýyň dowamynda amerikalylaryň 55 göterimi alamatlary barlamak ýa-da öwrenmek üçin, 48 göterimi lukmançylyk terminlerine ýa-da lukmanyň görkezmelerine düşünmek üçin emeli aňy ulandylar. Mundan başga-da, takmynan, 44% adam bejeriş usullaryny öwrenmek üçin GPT bilen gürleşýärler.
Resminamalarda ABŞ-nyň saglygy goraýyş ulgamynyň çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýandygy, karar kabul etmek üçin bolsa amerikalylara köp sanly goşmaça maglumatyň gerekdigi aýdylýar.