Fransiýada plýažlarda, seýilgählerde, awtobus duralgalarynda we köpçülige açyk bolan baglarda çilim çekmek gadan edildi. Resmi taýdan güýje giren kanuna görä, çilim çekmek ýüzülýän howuzlarda we mekdepleriň golaýynda hem çäklendirilýär. Kanunyň çagalary tüssäniň zyýanly täsirinden goramak maksady bilen güýje girizilendigi mälim edildi.