Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň ila­ty­nyň we myh­man­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­li dynç al­ma­gy üçin has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek hem-de şä­he­riň bi­na­gär­lik-şä­her­gur­lu­şyk keş­bi­ni mun­dan beý­läk-de gö­zel­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­ne Aş­ga­bat şä­he­ri­niň “Ço­gan­ly” ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da döw­re­bap me­de­ni-dynç alyş se­ýil­gä­hi­niň tas­la­ma­sy­ny düz­mek hem-de ony ýa­na­şyk ýer­le­ri­ni aba­dan­laş­dy­ryp gur­mak ba­ra­da “No­wa hyz­mat” hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len şert­na­ma­ny, se­ýil­gäh üçin elekt­rik, suw üp­jün­çi­li­gi­niň hem-de la­gy­myň içer­ki we da­şar­ky el­ti­ji in­že­ner­çi­lik ul­gam­la­ry­ny hem-de des­ga­la­ry­ny gur­mak we umu­my­şä­her ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek şer­tin­de bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.
Gur­lu­şyk iş­le­ri­ne 2023-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da baş­la­mak we me­de­ni-dynç alyş se­ýil­gä­hi­ni 2025-nji ýy­lyň aw­gust aýyn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edip tab­şyr­mak bel­le­nil­di.