9-njy fewralda Ekwadorda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry deňme-deň ýagdaýda gutaranlygy sebäpli ikinji tapgyry geçiriler. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda anyk ýeňijiniň kesgitlenmändigi bellendi. Ýurduň häzirki Prezidenti Daniel Noboa hem-de onuň esasy bäsdeşi Luisa Gonsalez sesleriň deň göterimine eýe boldular. Milli saýlaw geňeşi muny “tehniki deňlik” diýip atlandyrdy.
Ekwadoryň Milli saýlaw geňeşi tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, sesleriň esasy bölegi doly sanalandan soň, Daniel Noboanyň 44,43% ses (3,71 milliondan gowrak ses), Luisa Gonsaleziň bolsa, 44,17% ses (3,69 milliondan gowrak ses) gazanandygy belli boldy. Syýasy çärä ýene-de 14 dalaşgär gatnaşypdy.
Ýeňiş gazanmak üçin Döwlet Baştutany wezipesine dalaşgäriň sesleriň absalýut köplügini ýa-da azyndan 40 göterimini almaly. Bu wezipä saýlanmak üçin iň köp ses alan dalaşgäriň sesi 40 göterim bolan ýagdaýynda, onuň iň ýakyn bäsdeşinden, azyndan, 10 göterim öňdeligi eýelemegi talap edilýär. Saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiji kesgitlenmändigi üçin 13-nji aprelde ikinji tapgyry geçiriler.
18 milliondan gowrak ilatly Ekwador Respublikasy Günorta Amerikanyň demirgazyk-günbataryndaky ýurt. Günbatarda Ekwador Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar, demirgazykda Kolumbiýa, gündogarda we günortada – Peru bilen serhetleşýär. Ekwadoryň düzümine Galapagos adalary girýär.