Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygy mynasybetli “Kämillik ýolunda yz goýan ussat kompozitor” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler.
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesliniň wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi žanrlarynyň köpdürlüligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D.Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär. Kompozitoryň döredijiliginde möhüm orny wokal sazlary tutýar. Ussat kompozitor türkmen opera sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredijidir. Özüniň operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde ol mähriban halkymyzyň durmuşyndan pagtaçylaryň, gurluşykçylaryň, nebitçileriň we Hazaryň balykçylarynyň edermenliklerini wasp edýär. D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, “Gül-Bilbil”, Ý.Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” operalary, ençeme aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen saz mirasyna uly goşantdyr.
Ussat kompozitor 150-den gowrak aýdymlaryň we romanslaryň awtory. G.Seýitliýewiň goşgularyna “Täzegül”, “Aşgabat”, “Hally gözel”, “Gyzlar”, “Tokmak we ýalta”; Magtymgulynyň goşgularyna “Halyma”, “Bu derdi”, G.Burunowyň goşgularyna “Ýok, ýok”, “Aýnabat”, B.Japarowyň goşgularyna “Keýpim kök”, “Ol gyz maňa garamady“, “Dostluk” we başgalar degişlidir. Kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki köptaraply işleri göz öňünde tutulyp, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar (1961ý). Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. (1966ý) we “Hormat Nyşany” (1950), “Zähmet Gyzyl Baýdak” (1955ý) ordenleri, medallar we Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar.
Çeşme: medeniyet.gov.tm