Daniýanyň milli poçta hyzmaty “PostNord” 400 ýyl işländen soň ýylyň ahyrynda hat ibermegi bes eder. Bu barada BBC habar berýär.
Ýapylmagynyň sebäbi, sanly hyzmatyň has köp netijeliligi we elýeterliligi sebäpli raýatlaryň kagyz hatlaryny ibermezligidir. Şeýle hem muňa markalaryň gymmat bahasy täsir etdi – 29 kron. 2000-nji ýyldan bäri hatlaryň mukdary 90% ýagny 1,4 milliarddan 110 milliona çenli azaldy.
Islegiň pes bolmagy sebäpli işgärler hem azaldy. Kompaniýa 2000-den gowrak işgärini işden aýyrdy we 1500 gyzyl poçta gutusyny aýyrdy. Şeýle-de bolsa, “PostNord” onlaýn söwda pudagynda isleg bildirýän kurýerler üçin täze boş iş ýerlerini açýar.
Hatlary ibermek ýurtda elýeterli bolar. Bu iş bilen “PostNord” -yň ýerine DAO meşgullanar. DAO oba ýerlerinde hyzmatlaryň elýeterliligini saklamagy wada berýär. Mundan başga-da, daniýalylaryň köpüsi hat alyşmagy adaty usulda dowam etdirmek isleýärler.
-Gyzym diňe bir elektron poçtany däl-de, hakyky haty eline almagy halaýar – diýip, Kopengageniň ýaşaýjysy Ýette Wilýiams aýtdy.