Günbatar Ýutlandiýada daniýaly ornitologlar we guş söýüjiler güýz paslynyň başyndan bäri Aulum şäheriniň töwereginde ýolundan galan seýrek duş gelýän gök gyrgynyň ykbalyna biynjalyklyk bilen gözegçilik edýärler.
Ilkibaşda bu ýerde şol ýyrtyjy guşlaryň bir jübüti bardy we bu hakyky täsinlik hökmünde kabul edildi. Emma olaryň biri, takmynan, bir ýarym aý ozal näbelli sebäplere görä ýitirim boldy.
-Mümkin, olar iýmit gözlemek üçin başga bir ýer tapandyrlar we olaryň biri şol ýerde galyp, beýlekisi bolsa öňki mekanyna dolanandyr. Şeýle hem onuň ölen bolmagy hem ähtimal, ony has uly ýyrtyjy guş awlan bolup biler ýa-da ol açlykdan ölendir – diýip, hünärmenler düşündirýärler.
Gök gyrgylar, adatça, has ýyly howaly sebitlerde Fransiýanyň gündogarynda, Ispaniýada we Portugaliýada höwürtge gurýarlar. Şol sebäpli hem, ýolundan galan guşuň Daniýanyň sowuk gyşyndan aman çykyp çykmajakdygy uly alada döredýär.
-Iýmit tapmak meselesi guş üçin çynlakaý kynçylyga öwrülip biler. Gara örtülen doňan ýerler syçanlary tapmagy kynlaşdyrýar – diýip, Daniýanyň ornitologiýa jemgyýetiniň wekilleri belleýärler.
Töwekgelçiliklere garamazdan, hünärmenler guşuň ýeterlik iýmit tapyp, gyşy aman-esen sowmagyna we bu seýrek duş gelýän myhmanyň halas bolmagyna umyt edýärler.