13-nji ýan­war­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm me­se­le­ler gi­ri­zil­di hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy.
Mej­lis­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň 2023-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, iş me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­sy «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­dan», «Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry yk­dy­sa­dy işi­ni ös­dür­me­giň 2020 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mak­sat­na­ma­syn­dan», «Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 — 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­dan» ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň esa­syn­da iş­le­nip dü­zül­di.
Res­mi­na­ma ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak, da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek, dur­nuk­ly ösü­şe hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mek, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň has yn­san­per­wer bol­ma­gy­na go­şant goş­mak ýa­ly esa­sy we­zi­pe­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Hu­su­san-da, res­mi­na­ma­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýyl­ly­gy, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 28 ýyl­ly­gy, 2023-nji ýy­lyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» we «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li hök­mün­de dia­lo­gyň hal­ka­ra ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li, şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­rar­la­ryn­dan ugur alyp, Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan äh­li ze­rur bo­lan iş­le­riň gu­ral­ma­gy we dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ba­bat­da­ky çä­re­ler göz öňün­de tu­tul­ýar.
Şeý­le hem iş me­ýil­na­ma­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ba­bat­da­ky iş­ler be­ýan edil­ýär.
Res­mi­na­ma­da hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun be­ril­ýär. Hu­su­san-da, Türk­me­nis­tan bi­len da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri­niň ara­syn­da dö­re­di­len iki­ta­rap­la­ýyn hö­kü­me­ta­ra to­par­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň de­giş­li döw­let eda­ra­la­ry we da­şa­ry ýurt­lar­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ne, ma­ýa go­ýum taý­dan özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça da­şa­ry ýurt­la­ryň döw­let eda­ra­la­ry, kom­pa­ni­ýa­la­ry, bank­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li ös­dür­mek ýa­ly çä­re­le­ri özün­de jem­le­ýär. Şeý­le hem iş me­ýil­na­ma­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt döw­let­le­ri, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
Wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny mun­dan beý­läk-de ne­ti­je­li ama­la aşyr­mak ba­bat­da dip­lo­ma­tik gul­lu­gyň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­ri do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin äh­li ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ne ynan­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, oňyn bi­ta­rap­lyk we “Açyk ga­py­lar” ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çi­rip, gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de yzy­gi­der­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne bu ugur­da­ky iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­me­gi tab­şy­ryp, äh­lu­mu­my möç­ber­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len oňyn baş­lan­gyç­la­ry iler­let­me­giň we dur­mu­şa ge­çir­me­giň, şeý­le hem şu ýyl üçin me­ýil­leş­di­ri­len hal­ka­ra äh­mi­ýet­li äh­li çä­re­le­re ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gör­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hö­dür­le­nen iş me­ýil­na­ma­sy­ny ma­kul­lap, ýur­du­my­zyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň bäh­bit­le­ri­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn go­ra­mak bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ber­jaý edip, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da­ky ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­mak işi­ne my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di.