Hytaýyň eksporty geçen ýyl uly ösüş gazanyp, daşary söwda saldosy ilkinji gezek 1 trillion dollardan geçdi. Ýurduň Gümrükler baş edarasynyň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda eksport 5,5 göterim ýokarlanyp, 3,77 trillion dollara ýetipdir. Ýurduň importy bolsa, ozalky ýyldaky bilen deňeçer – 2,58 trillion dollar bolupdyr. Ýurduň daşary söwda saldosy (import bilen eksportyň tapawudy) noýabr aýynda 1 trillion dollardan geçipdi. Ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä bolsa, 1,19 trillion dollara ýetip, bu ugurda rekord goýuldy.