17-nji dekabrda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy barada nygtalyp geçildi. «Demirgazyk–Günorta» demirýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
* * *
Şol gün «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wideoaragatnaşyk boýunça BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand bilen duşuşyk geçirildi. Onda kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar döwlet derejesinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň netijeli häsiýetini belläp, sanly bilim ulgamynda usullary kämilleşdirmek, durmuş goraglylygy we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işini döwrebaplaşdyrmak bilen bagly bolan geljegi uly meýilnamalar barada pikirlerini beýan etdiler.
Missiýanyň ýolbaşçysy gaznanyň geçirýän işleri, hususan-da, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça durmuş mahabatyny türkmen teleýaýlymlary boýunça alyp görkezmek babatda işler barada gürrüň berdi. Bu mesele boýunça maslahatlar saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki degişli işler ýola goýuldy.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklaryny guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň gol çeken «Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny we Internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary esasynda ýurdumyzyň dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, halk hojalygynda amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanmany tassykladylar.