Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň çägini giňeltmek hem-de şäheri has-da owadan keşbe getirmek üçin 2045-nji ýyla çenli göz öňünde tutulan Baş meýilnama işlenip düzüldi. Ýurduň paýtagtynda gurulýan binalaryň taslamalaryny 50 ýyl mundan soňky ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, gurulmagyna ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda Daşkentiň meýdany 43 müň gektara deň bolup, 3 million ilaty bar. Şäherde ulaglaryň sanynyň artýandygyny göz öňünde tutup, ýol hereketiniň ýagdaýyny kadalaşdyrmak üçin taslamalar göz öňünde tutulýar. Baş meýilnama laýyklykda, ilki bilen Daşkent şäheriniň kadastrlaryny sanlylaşdyrmak we ýer kategoriýalary barada köpçülige maglumat bermek meýilleşdirilýär.
“Täze Daşkent” atly taslamanyň çäklerinde 2045-nji ýyla çenli 500 müň ilatly ýaşaýyş toplumy dörediler. Täze şäher paýtagtyň gündogaryna tarap uzap gider.
Häzirki wagta çenli Daşkent şäherinde 7 müň gektar ýaşyl meýdan döredildi. Umuman, ýaşyl meýdanlaryny 25 müň gektara çenli artdyrmak meýilleşdirilýär.
Şatlyk TEKÄÝEW, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby
PDF









