21-nji fewralda Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň meýilnamasyna laýyklykda türkmen-özbek-gazak dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmek, milli medeniýetimizi ösdürmek maksady bilen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabara geçiriler.
Häzirki wagtda “Türkmen-özbek-gazak dost-doganlyk ýollary – asudadyr, parahatdyr illeri” ady bilen geçiriljek dabara degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Dost-doganlyk köprüsini has-da berkitmek maksady bilen guraljak bu dabara medeniýet-sungat işgärleriniň işjeň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ÝUNESKO-nyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek dabaranyň çäklerinde, türkmen bagşylarynyň ýerine ýetirjek aýdym-sazlary bilen bir hatarda, Özbegistandan, Gazagystandan gelen bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna uly orun berler.
Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň milli mirasyna kybap gelýän sergiler hem guralar. Milli senetçilik, ussaçylyk, “Dutar ýasamak senetçiligi”, haly önümleriniň, haly dokamakda ulanylýan ýüplükleriň, keşde, gurama el işleri, alaja örmek, keteni dokamak, tarada dokalýan dürli ýüpek matalaryň we el işleriniň, şeýle-de külalçylyk we küýze önümleriniň sergileri geçiriler. Türkmen-özbek-gazak halkarynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen neşir önümleri we nusgawy hem-de häzirki zaman edebiýatyna degişli kitaplaryň, neşirleriň sergileri hem dabara özboluşly bezeg berer. Folklor we döredijilik toparlarynyň ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen “Görogly” şadessany, halk döredijiliginiň “Küştdepdi”, “Hüwdi” žanrlary bilen bagly sahnalaşdyrylan kompozision çykyşlary ýerine ýetiriler. Esasan hem, teatryň sahnasynda artistleriň “Görogly” şadessanyndan hem-de gazaklaryň “Alpamyş” eposyndan bölekleri sahnalaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Aýdym-sazly dabaranyň çäklerinde jemgyýetçilik guramalary tarapyndan dabaranyň geçişi barada çykyşlary, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikleri hem guramak meýilleşdirilýär. Söhbetdeşliklerde halkaryň dost-doganlyk gatnaşyklary, milli mirasy hem-de gazak halkynyň “Alpamyş” eposynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlemegine türkmen halkynyň goldawy hökmünde seslenmeler berler.
“Türkmen-özbek-gazak dost-doganlyk ýollary – asudadyr, parahatdyr illeri” ady bilen geçiriljek aýdym-sazly dabarada doganlyk ýurtlaryň medeniýet-sungat ussatlarynyň çykyşlary hem görkeziler. Geçiriljek bu sungat dabarasy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam eder.
Gülnara Ýoldaşowa,
“Daşoguztelekom” elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň KA-nyň başlygy.