Fransiýanyň edebiýat dünýäsinde uly dawalara sebäp bolan gaiti-kanadaly ýazyjy Telison Orelýeniň “Ýa şeýle, ýa-da ölmeli” (C’était ça ou mourir) diýen ilkinji romany, emeli aň ulanylyp ýazylanlygy baradaky aýyplamalara garamazdan, ýurtda eýýäm iň geçginli kitaplaryň birine öwrüldi. Latyn Amerikasynyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň üsti bilen Kanada baran gaitili migrantyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýän bu eser Fransiýada romanlaryň satuw sanawynyň başyny çekdi.
Dünýä meşhur “Grasset” neşirýaty tarapyndan çykarylan bu kitap üstümizdäki ýylyň 19-njy awgustyndan bäri 65 müň töweregi nusgada satyldy. Diňe 21–27-nji sentýabr aralygynda Fransiýada kitabyň 18 müň 254 nusgasy öz alyjylaryny tapdy. Eser umumy satuw sanawynda bir çeper bolmadyk (non-fikşn) kitapdan we iki manga neşirinden soň dördünji orny eýeledi.
Belli bolşy ýaly, üstümizdäki ýylyň 21-nji sentýabrynda agzalan roman abraýlyy “Fnac” baýragyna mynasyp görüldi. Şeýle-de bolsa, baýrak gowşurylandan bary-ýogy birnäçe sagat geçenden soň, sosial ulgamlardaky anonim hasap awtor Orelýeni tekstde generirlenen emeli aňy peýdalanmakda aýyplady. Munuň yzýany bilen ýazyjynyň öňki tekstleri hem edebiýat ogurlygynda (plagiatda) günäkärlenip başlandy.
Edebiýat ogurlygy hakyndaky habarlara we tekstde emeli aňyň ulanylyp-ulanylmandygy babatda geçirilen seljermäniň netijelerine salgylanyp, Gonkur akademiýasy 25-nji sentýabrda romany baýragyň gysga sanawyndan çykarmak barada karar kabul etdi. Ýüze çykan wakalardan soň Telison Orelýen Fransiýa boýunça meýilleşdirilen syýahatyny möhletinden öň kesip, Kanada gaýtdy.
Aýyplamalary berk ret eden ýazyjynyň tarapyny tutup, “Grasset” neşirýat öýi awtora doly ynanýandygyny resmi ýagdaýda mälim etdi. Şeýle hem, neşirýat pudagynyň wekili “Le Figaro” gazetine beren söhbetdeşliginde kitabyň satuwynyň artmagyny diňe bir bu dawaly mesele bilen baglanyşdyrmagyň nädogry boljakdygyny, sebäbi romanyň hatda aýyplamalar ýüze çykmazdan öň hem okyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup başlandygyny nygtady.
PDF








