Hä­zir­ki wagt­da ener­gi­ýa­nyň aras­sa çeş­me­le­ri­niň ara­syn­da Gün­den ener­gi­ýa al­ýan be­ket­ler uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Köp ýurt­da de­mir ýol ulag­la­ryn­y he­re­ke­te ge­tir­mek üçin aý­ra­tyn Gün pa­ne­lin­den ener­gi­ýa ön­dür­ýän be­ket­ler gu­rul­ýar. Şweý­sa­ri­ýa­da bol­sa, de­mir ýol rel­si­niň ara­sy­na Gün pa­ne­li ýer­leş­di­ri­lip, ener­gi­ýa ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýär. «Sun-Wa­ys» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän tas­la­ma gö­rä, ot­ly ýo­lu­na dü­şel­jek pa­nel­ler de­mir ýol ula­gy­nyň he­re­ket et­me­gi üçin ener­gi­ýa ön­dü­rer. Mu­nuň üçin ki­çi öl­çeg­li ýö­ri­te pa­nel­le­riň ön­dü­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Ol pa­nel­ler za­wod­da ön­dü­ri­len wag­ty ep­le­nen gör­nüş­de taý­ýar edi­ler. Şeý­le­lik­de, ony ýer­leş­dir­mek hem aň­sat bo­lar. Bu pa­nel­le­ri ge­rek bo­lan ha­la­tyn­da aň­sat­lyk bi­len ýyg­nap, gar ýa­gan­da rel­siň üs­tün­de ýö­re­ýän ulag bi­len aras­sa­lap bo­lar. Bi­ler­men­ler bu usul ar­ka­ly köp muk­dar­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ri­lip bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ýurt­da­ky ot­ly ýol­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 7 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, bu ýer­de gur­lan Gün pa­nel­le­ri ar­ka­ly 1 müň MW elekt­rik ener­gi­ýa­sy ön­dü­ri­lip bil­ner.

Aman­gel­di DUR­DY­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Ser­het ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.