Soňky ýyllarda howanyň we deňziň suwunyň gyzýandygy, netijede galyň buz gatlaklarynyň ýokarlanýandygy bellenilýär. Bilermenler şu ýylyň fewral aýynda deňzi buzunyň mukdarynyň iň pese ikinji dereje hökmünde hasaba alnandygyny belleýärler. Günbatar Sibirde we Swalbard adasynyň töweregindäki deňiz buzunyň ortaça mukdardan has az bolandygy bellenilýär.
Norwegiýanyň Tromso şäheri Demirgazyk polýar çyzygynyň içinde ýerleşip, bu ýerde Norweg polýar instituty hereket edýär. Şäherde howanyň temperaturasy 12 dereje sowuk hem bolsa, institutda zähmet çekýän bilermen Mats Granskog buz galyňlygynyň ozalkylarça ýokdugyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, mundan 20 ýyl çemesi öň has galyň buz massasynyň bardygyny, emma soňky ýyllarda öwrenmek üçin buzuň tapylman galýan wagtynyň hem bolýandygyny belleýär. Alymlar her ýyl Grenlandiýanyň demirgazyk-gündogarynda buz nusgalyklaryny ýygnaýar we olary Tromsodaky instituty getirýärler.
Granskog geçen ýylyň iýulynda Demirgazyk polýusdan alnan buzuň galyňlygynyň 1,5 metrdigini, 20 ýyl şol ýerdäki buz galyňlygynyň 3 metr bolandygyny belleýär. Bu ýagdaý yssy howada buz gatlagynyň çalt eremegine getirip biler. Şeýle hem bu ýerdäki buz gatlagynyň haçan emele gelendiginiň hem ähmiýeti uly. Mundan 20-30 ýyl ozalky buz gatlagynyň has ir emele gelen bolsa, häzirki wagtda buzlugyň uly bölegi soňky bir ýylda emele gelipdir. Bu bolsa, buzuň köp böleginiň her ýyl eräp gaýtadan doňýandygyny aňladýar.
Buzuň emele gelmegine, esasan, howanyň we suwuň ýylylygy täsir edýär.
Abadan Maşşykowa, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
PDF









