17-20-nji awgust aralygynda ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň 49-njy gurultaýy ilkinji gezek bütinleý diýen ýaly onlaýn görnüşinde geçirildi. Gurultaýyň dowamynda wekiller Jozef Baýdeni Prezidentlik ugrundaky bäsleşikde Donald Trampyň resmi bäsdeşi hökmünde tassykladylar. Kamala Harrisi bolsa geljekki Wise-prezident hökmünde goldap, kongres saýlawlaryndan üç aý öň, kampaniýanyň meýilnamasyny tassykladylar.
Bu waka, Jozef Baýdeniň häzirki wagtda liderlik edýän ABŞ-daky saýlaw kampaniýasynyň soňky tapgyrynyň başlangyjy boldy. Mundan başga-da, gurultaýyň gün tertibinde partiýanyň saýlaw maksatnamasynyň taslamasyna, dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara, saglygy goraýyş ulgamyna, ykdysady ýagdaýlara we beýleki möhüm meselelere garaldy.
Ilkibaşda gurultaý iýul aýynyň ortalarynda geçirilmelidi, ýöne dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli partiýa öz meýilnamalaryny üýtgetmeli boldy. Demokratlaryň dört günläp dowam eden gurultaýy Miçigan kölüniň kenaryndaky Miluoki şäherinde geçirildi. Başda gurultaý «Fiserv Forum» maslahat merkezinde geçirilmelidi. Ýöne ahyrsoňy «Wisconsin Center» merkezinde duşuşmak kararyna gelindi. Bu ýere ýygnanan 300 adam gurultaýyň işini gurady. Adatça, partiýanyň müňlerçe tarapdaryny bir ýere jemleýän bu gurultaý onlaýn ýagdaýda geçirildi.
Gurultaýyň birinji gününde partiýanyň görnükli wekilleri, hususan-da, Jozef Baýdeniň öňki bäsdeşi, Wermont ştatynyň senatory Berni Sanders, Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Endrýu Kuomo we öňki birinji ledi Mişel Obama çykyş etdiler. Gurultaýda partiýanyň saýlaw maksatnamasy tassyklandy, geçirilmegine üç aý galan kongres saýlawlarynyň, Prezident saýlawlary bilen bölekleýin gabat gelýändigi sebäpli saýlaw kampaniýasynyň kem-kemden güýçlendirilmelidigi bellenildi.
Çäräniň ikinji gününiň esasy wakasy Jozef Baýdeniň Demokratik partiýadan Prezidentlige dalaşgär hökmünde tassyklanmagy boldy. Bu barada hiç hili mesele ýok, sebäbi öňki Wise-prezidentiň ähli bäsdeşleri bäsleşikden çekilip, onuň peýdasyna çykyş etdiler. Onlaýn ýagdaýda geçirilen ses berlişikde syýasatçy 3,5 müňden gowrak wekiliň sesini aldy, bu deslapky bäsleşikdäki esasy garşydaşy Berni Sandersiňkiden üç esse köp. Sandersiň özi amerikalylary Baýdeni goldamaga çagyrdy. Jozef Baýdeniň çykyşynyň yzysüre öňki Prezident Bill Klinton we ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Jon Kerri çykyş etdiler. Mundan başga-da, kiçi we orta kärhanalaryň wekilleriniň, partiýa işgärleriniň we dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlary boldy.
Üçünji gün, öňki Prezident Barak Obama, Wekiller palatasynyň demokratik lideri Nensi Pelosi we öňki Döwlet sekretary Hillary Klinton delegatlara ýüzlendiler. Çykyşlardan soň, Kaliforniýanyň senatory Kamala Harrisiň Wise-prezidentlige dalaşgärligi tassyklandy.
Gurultaýyň soňky güni Jozef Baýden üçin esasy gün bolup, dalaşgär hökmünde resmi taýdan tassyklanandan soň söz sözledi we döwlet Baştutany wezipesine saýlanan halatynda Demokratik partiýa ygrarly boljakdygyny ynandyrdy. Şeýlelikde, Demokratik partiýanyň gurultaýy möhüm waka bolup, netijede, Jozef Baýden saýlaw kampaniýasynyň soňky tapgyryna çykdy. Basym Respublikan partiýasy tarapyndan hem şeýle çäre geçirilip, onuň başyny ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Tramp çeker.
Häzirki wagtda pikir soralyşyklar dowam edip, 14-nji awgustda geçirilen soňky pikir soralyşykda Jozef Baýden umumy milli derejede Donald Trampdan 10% öňde barýar. Dalaşgärler ýakyn wagtda 29-njy sentýabrda bellenen ilkinji çekişmede ýüzbe-ýüz bolarlar. 15-nji we 22-nji oktýabrda ýene iki tapgyr çekişme bolar. Ýöne dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli heniz olaryň neneňsi guraljakdygy barada öňünden bir zat aýtmak kyn. Ozal habar berlişi ýaly, ABŞ-nyň Prezident saýlawlary şu ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriler.