Türkiýede goralýan “caretta caretta” görnüşine degişli bolan bir deňiz pyşbagasy bäş aýda 10 müň kilometr aralygy ýüzüp geçdi. Ol neslini dowam etdirmek üçin grek adalaryna çenli baryp, ýene-de yzyna dolandy. Bu barada Türkiýäniň Deňiz pyşbagalarynyň ylmy-barlag we dikeldiş merkezi (DEKAMER) habar berdi.
Tuba lakamly pyşbaga 2019-njy ýylda halas edilipdi. Şol wagt onuň göwresine ilkinji gezek hemra arkaly yzarlaýjy enjam berkidilipdi. Şu tomusda alymlar bu amaly gaýtadan geçirdiler.
Bäş aýyň dowamynda Tuba Marmarisden Gresiýanyň Ios adasyna çenli ýüzüp, soňra Türkiýäniň Bodrum şäherine dolanyp geldi. Onuň dünýä inen kenarýakasy hem hut şol ýerde ýerleşýär.
PDF









