Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi sekdi. Şeýle hem Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegi, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.