Alymlar balyk ýaly ýüzýän we deňizde iýmitlenýän özboluşly ýumşak robot balyk döretdiler. Ol suwasty ekoulgamlary bozmazdan 10 kilometr çuňluga çümüp bilýär.
“Science Robotics” žurnalynda hakyky balygyň hereketlerini doly gaýtalaýan adaty bolmadyk robotyň häsiýetnamasy çap edildi. Onuň esasy aýratynlygy suwasty fauna zeper ýetirýän adaty motory bolmazdan diňe deňiz suwlarynda işleýär.
Uzynlygy 32 santimetr, agramy 1 kilograma golaý bolan robot balyk elektrik meýdany döretmek üçin deňiz suw ionlaryny ulanýar. Bu meýdan bolsa, silikon korpusynyň içinde ýörite suwuklygy herekete getirýär we robotyň ýüzmegine sebäp bolýar.
Robot 4 müň metr çuňluga çümmek, 10 kilometr çuňluga barabar basyşa çydamak, 2° C-a çenli temperaturada işlemek ýaly synaglardan üstünlikli geçdi. Kamera we sensorlar bilen enjamlaşdyrylan bu bionik robot, ummanyň iň çuň we öwrenilmedik ýerlerini barlamak üçin täze mümkinçilikleri açýar.