27-nji aw­gust­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Pet­ra Daht­ler bi­len du­şuş­dy. Il­çi türk­men ta­ra­py­na ynanç hat­la­ry­nyň nus­ga­la­ry­ny gow­şur­dy.
Da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy il­çi­ni ýo­ka­ry we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­la­dy we Türk­me­nis­tan­da dip­lo­ma­tik işi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da ta­rap­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky türk­men-ger­man gat­na­şyk­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nil­di.
Du­şu­şyk­da iki döw­le­tiň BMG-niň we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň, şeý­le-de Mer­ke­zi Azi­ýa – Ger­ma­ni­ýa for­ma­ty­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi nyg­tal­dy.
Dip­lo­mat­lar köp ýyl­lyk söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň oňyn hä­si­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Şun­da ger­man yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň Gün­do­gar ko­mi­te­ti­niň der­wa­ýys işi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyl­dy.
Ta­rap­lar me­de­ni­ýet, sag­ly­gy go­ra­ýyş we bi­lim ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri­ni hem ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.