25-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Di­ýa­ry­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da gur­lan tä­ze dok­ma top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ke­ma­la ge­len dok­ma pu­da­gy ile­ri tu­tul­ýan mil­li bäh­bit­le­ri hem-de dün­ýä yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gin­dä­ki umu­my in­teg­rir­len­mek me­ýil­le­ri­ni göz öňün­de tut­mak bi­len, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dep­gin­li ösü­şi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr. Di­ňe soň­ky bir­nä­çe ýyl­da pu­da­gyň dü­zü­mi­ne dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bu pu­dak­da­ky önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­nyň ha­ta­ry­na çyk­mak bi­len, te­bi­gy çig mal­dan bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy go­şul­dy. Mun­dan baş­ga-da ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän hem-de aýak­gap fab­rik­le­ri, gön iş­läp be­jer­ýän kär­ha­na­lar bar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň di­ku­ça­ry tä­ze kär­ha­na­nyň ýa­nyn­da­ky meý­dan­ça gon­ýar. Ýyg­na­nan­lar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy uly ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Sun­gat us­sat­la­ry­nyň joş­gun­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ren aý­dym-saz­la­ry, tans­la­ry bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra öz­bo­luş­ly baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len sa­lam­la­şyp, ýö­ri­te gur­na­lan mün­be­re bar­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, şu gün biz yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gyn­da ýe­ne-de bir tä­ze des­ga­nyň – Ka­ka et­ra­byn­da ýyl­lyk önüm­çi­lik kuw­wa­ty 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­ýän dok­ma top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin bu ýe­re ýyg­nan­dyk di­ýip bel­le­di.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de biz dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy­ny ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýä­ris. Ýur­du­my­zyň dür­li se­bit­le­rin­de hä­zir­ki döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len dok­ma kär­ha­na­la­ry­ny yzy­gi­der­li gu­rup, ulan­ma­ga ber­ýä­ris.
Hä­zir­ki dö­wür­de bu pu­da­gyň ga­ra­ma­gyn­da 60-dan gow­rak kär­ha­na bo­lup, olar­da 24 müň­den gow­rak adam zäh­met çek­ýär. Ýo­ka­ry hil­li, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, giň gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri­miz bu gün dün­ýä­niň on­lar­ça döw­le­ti­ne eks­port edil­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ber­ka­rar Wa­ta­ny­myz «ak al­ty­na» de­ňel­ýän pag­ta çig ma­ly­na örän baý döw­let­dir. Pag­ta çig ma­ly­ny re­je­li we ne­ti­je­li ulan­mak dok­ma pu­da­gy­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, biz tä­ze gu­rul­ýan dok­ma kär­ha­na­la­ry­na dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň iň tä­ze ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li en­jam­la­ry­ny we in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­ýa­rys. Bu bol­sa be­re­ket­li türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän pag­ta ha­sy­ly­ny do­lu­ly­gy­na gaý­ta­dan iş­läp, dür­li gör­nüş­li önüm­le­ri ön­dür­mä­ge hem-de müň­ler­çe tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Biz ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­lyk baý­ra­my­ny uly zäh­met üs­tün­lik­le­ri bi­len da­ba­ra­ly gar­şy al­ýa­rys. Bu baý­ram my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de köp san­ly iri önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ry hem-de des­ga­la­ry da­ba­ra­ly açyp, ulan­ma­ga ber­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

Dok­ma top­lu­myn­da 1 300 adam zäh­met çe­ker
Tä­ze işe gi­ri­zi­len Ka­ka dok­ma top­lu­my hem iri önüm­çi­lik kär­ha­na­sy bo­lup, onuň umu­my ba­ha­sy 147 850 000 ame­ri­kan dol­la­ry­na ba­ra­bar­dyr. Bu top­lu­myň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýyl­da 3 650 ton­na ýo­ka­ry hil­li ýüp­lük­le­ri, 12 mil­li­on ine­dör­dül metr dür­li gör­nüş­li ma­ta­la­ry hem-de 1 mil­li­on 200 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly­dyr. Bu iri top­lu­myň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len, on­da 1 300 adam zäh­met çe­ker.
Top­lu­myň tut­ýan meý­da­ny 18 gek­tar­dan yba­rat bo­lup, on­da önüm­çi­lik bi­na­la­ryn­dan baş­ga-da 2 gat­ly eda­ra bi­na­sy, önüm­çi­lik am­mar­la­ry, trans­for­ma­tor be­ke­di, us­sa­ha­na, ýan­gyn howp­suz­lyk bi­na­la­ry, aw­tou­lag du­ral­ga­la­ry bar. Şeý­le hem bu ýer­de iş­gär­le­re amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek üçin 450 orun­lyk na­har­ha­na, sport meý­dan­ça­sy, 2 sa­ny 16 orun­lyk myh­man­ha­na ýer­leş­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam edip, dok­ma top­lu­my dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy, ýag­ny bu top­lum­da Şweý­sa­ri­ýa­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ýüp­lük eg­ri­ji en­jam­la­ry, Bel­gi­ýa­nyň ma­ta do­ka­ýan, Ita­li­ýa­nyň we Ger­ma­ni­ýa­nyň bo­ýag en­jam­la­ry hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň ti­kin­çi­lik en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy di­ýip bel­le­di.
Kär­ha­na­nyň ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly en­jam­la­ryn­da, esa­san, in­çe sü­ýüm­li pag­ta­dan eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li ýüp­lük­ler, olar­dan bo­ýa­lan we bo­ýal­ma­dyk nah ma­ta­lar, şeý­le hem da­şa­ry ýurt­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, eks­por­ta ni­ýet­le­nen taý­ýar ti­kin önüm­le­ri ön­dü­ri­ler.
Bu bol­sa ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­ny dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri bi­len el­ýe­ter­li ba­ha­lar­dan üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şo­nuň bi­len bir­lik­de önüm­le­riň art­ýan bö­le­gi «Türk­me­nis­tan­da ön­dü­ril­di» di­ýen ýaz­gy bi­len da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ri­lip, pu­da­gyň eks­port müm­kin­çi­li­gi art­dy­ry­lar.
Mil­li Li­de­ri­miz bu­lar­dan baş­ga-da hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da umu­my ba­ha­sy 151 800 000 ame­ri­kan dol­la­ry­na deň bo­lan, önüm­çi­lik kuw­wa­ty bir ýyl­da 3 300 ton­na in­çe sü­ýüm­li ýüp­lü­gi, 20 mil­li­on ine­dör­dül metr dür­li gör­nüş­li ma­ta­la­ry hem-de 3 mil­li­on 500 müň sa­ny taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dür­mä­ge ukyp­ly dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz biz gel­jek­de hem mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge uly üns be­re­ris. Pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, içer­ki we da­şar­ky ba­zar­lar­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan dok­ma önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni kö­pelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­le­ri ge­çi­re­ris di­ýip bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şy­nyň ahy­ryn­da hem­me­le­ri mu­kad­des Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da Ka­ka et­ra­byn­da gur­lan tä­ze, döw­re­bap dok­ma top­lu­my­nyň da­ba­ra­ly açy­lyp, ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den ýe­ne bir ge­zek gut­lap, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, uzak ömür, eg­sil­mez rys­gal-döw­let, dok­ma se­na­ga­ty pu­da­gy­nyň iş­gär­le­ri­ne bol­sa alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry bi­len mil­li dok­ma se­na­ga­ty­nyň ös­me­gin­de mö­hüm orun eýe­le­jek tä­ze top­lu­myň toý ba­gy­ny kes­di.

Eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­ler ön­dü­ril­ýär
Tä­ze se­na­gat top­lu­my­nyň dü­zü­mi­ne ýüp­lük, dok­ma, bo­ýag, ti­kin­çi­lik fab­rik­le­ri we ýö­ri­te bar­lag­ha­na bö­lü­mi bar.
Tä­ze dok­ma top­lu­myn­da yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry we dok­ma önüm­çi­li­gin­de tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar ula­ny­lyp, eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­ler ön­dü­ril­ýär. Hü­när­men­le­riň bi­ri milli Liderimize bu ýer­de äh­li do­lan­dy­ryş iş­le­ri­niň aw­to­ma­tik usul­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi we ýö­ri­te mo­ni­tor­lar ar­ka­ly işiň gi­di­şi­ne gö­zeg­çi­lik edil­ýän­di­gi ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz önüm­çi­lik ul­ga­my­nyň teh­no­lo­gi­ýa­sy we onuň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, bö­lüm­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­la­ryň äh­mi­ýe­ti hem-de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz önüm­çi­lik tap­gy­ry bi­len ta­nyş­dy. Mag­lu­mat­da fab­rik­de ýur­du­myz­da öň ön­dü­ril­me­dik önü­miň – «kom­pakt-pen­ýe» ky­sym­ly nah ýüp­lü­giň çy­ka­ryl­ma­gy­nyň ýo­la goý­lan­dy­gy­na, şo­nuň ýa­ly-da ýüp­lü­giň ga­ry­şyk gör­nüş­le­ri­ni çy­kar­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi­ne üns be­ril­di. Tä­ze gör­nüş­li ýüp­lük­ler uly adam­la­ryň ly­bas­la­ry­nyň, ýo­ka­ry hil­li ör­me önüm­le­riň, ýor­gan-dü­şek ört­gü­le­ri­niň we jo­rap önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýar.
Bu ýer­de Şweý­sa­ri­ýa­nyň meş­hur «Rie­ter» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li tüý­dü­ji-saz­laý­jy we aras­sa­laý­jy en­jam­lar top­lu­my or­naş­dy­ryl­dy. Tä­ze teh­ni­ka­lar ýüp­lük­le­riň ýo­ka­ry hi­li­ni we berk­li­gi­ni üp­jün ed­ýär. Mun­dan baş­ga-da, bu ky­sym­da­ky en­jam­lar san­ly ul­gam ar­ka­ly iş­läp, ýit­gi­niň az bol­ma­gy­ny, ener­gi­ýa­nyň tyg­şyt­la­nyl­ma­gy­ny we şol bir wag­tyň özün­de önüm­le­riň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär.
Dok­ma top­lu­my­nyň egir­me fab­ri­gin­de bir ýyl­da 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta gaý­ta­dan iş­le­nip, «kom­pakt-pen­ýe» gör­nüş­li ýo­ka­ry hil­li ýüp­lük­le­riň 3 müň 650 ton­na­sy­ny, şeý­le hem ga­ry­şyk ýüp­lük­le­ri ön­dür­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz top­lu­myň dok­ma fab­ri­gi­ne gel­di. Bu ýer­de taý­ýar ýüp­lük­ler hil bar­la­gyn­dan ge­çi­ril­ýär, ola­ryň berk­li­gi, çe­ýe­li­gi kes­git­le­nil­ýär.

Top­lum­da tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa esa­syn­da iş­le­ýän in­no­wa­si­on en­jam­lar otur­dyl­dy. Şo­la­ryň kö­me­gi ar­ka­ly sü­ýüm­le­riň, ýüp­lük­le­riň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry kes­git­le­nil­ýär. Bu ýer­de ön­dü­ril­ýän önüm­ler hal­ka­ra öl­çeg­le­re do­ly la­ýyk gel­ýär. Bu bol­sa ma­ta­nyň berk­li­gi­ni, ola­ryň eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Bu fab­rik­de Ger­ma­ni­ýa­nyň in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­ly «Karl ma­ýer» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýü­wür­di­ji we pet­leý­ji en­jam­la­ry, Bel­gi­ýa­nyň «Piсanol» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň kä­mil en­jam­la­ry otur­dyl­dy, şeý­le­lik­de, bu ýer­de ýyl­da 12 mil­li­on ine­dör­dül metr möç­ber­dä­ki ýo­ka­ry hil­li ma­ta ön­dür­mek müm­kin­çi­li­gi bar.
Bu ýer­de ön­dü­ril­ýän ma­ta­lar reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry, çe­ýe­li­gi, ýa­kym­ly­ly­gy, iň esa­sy bol­sa eko­lo­gik taý­dan aras­sa­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Top­lu­myň önüm­le­ri­niň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk gel­me­gi ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ry­nyň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ryn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­nyň ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­lu­myň bo­ýag fab­ri­gi­ne gel­di. Bu ýer­de taý­ýar ma­ta­la­ry bo­ýa­mak üçin ni­ýet­le­nen kä­mil en­jam­lar de­giş­li ter­tip­de otur­dy­lyp­dyr. Fab­rik­de iş­le­ýän hü­när­men mil­li Li­de­ri­mi­ze önüm­çi­li­giň teh­no­lo­gi­ýa ýag­da­ýy ba­ra­da gür­rüň ber­di. Bu ýer­de ma­ta­lar öz gör­nü­şi­ne gö­rä, dür­li taý­ýar­lyk iş­le­rin­den ge­çi­ri­lip, hal­ka­ra öl­çeg­le­re ky­bap gel­ýän gör­nüş­de bo­ýal­ýar.
Fab­rik­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­lar bo­ýag iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li bol­ma­gy­ny we Gün şöh­le­si­ne du­rum­ly­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. Ma­ta­la­ryň hil de­re­je­si ola­ryň uzak möh­let­le­ýin ula­nyl­ma­gy­ny, şol bir wag­tyň özün­de bol­sa adam üçin ýa­kym­ly­ly­gy­ny şert­len­dir­ýär. Bu ýer­de dür­li gör­nüş­li ýö­ri­te en­jam­lar­da ma­ta önüm­çi­li­gi­niň hä­zir­ki za­man ul­ga­my he­re­ket ed­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ger­ma­ni­ýa­nyň «Mon­forts» we «Ja­gen­berg», Tür­ki­ýä­niň «Eliar» ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li bo­ýag en­jam­la­ry önüm­çi­lik we hil ba­bat­da hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär. Şo­la­ryň kö­me­gi ar­ka­ly hi­mi­ki we bo­ýag se­riş­de­le­ri ze­rur muk­dar­da aw­to­ma­tik usul­da alyn­ýar, dür­li bo­ýag­lar taý­ýar­la­nyl­ýar.
Hü­när­men bu ýer­de ne­ti­je­li iş­le­mek ug­run­da ýo­ka­ry de­re­je­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin, hormatly Preziden­timize äh­li dok­ma­çy­la­ryň adyn­dan ho­şal­lyk söz­le­ri­ni aýt­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz top­lum­da iş­le­ýän hü­när­men­le­riň ag­la­ba bö­le­gi­niň gyz-ge­lin­ler­di­gi­ni na­zar­da tu­tup, bu ýer­de ze­nan­la­ryň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny, onuň ge­lin-gyz­la­ryň iş we dynç alyş şert­le­ri, me­de­ni çä­re­le­ri gu­ra­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­lum­da iş­le­ýän ze­nan­la­ryň baý­ram­çy­lyk­lar, şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga iş­jeň gat­naş­mak­la­ry üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni, bu ýer­de ta­ry­hyň do­wa­myn­da ze­nan­la­ryň ze­hi­nin­den dö­rän hü­nä­riň döw­re­bap de­re­je­de ös­dü­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Bo­ýag bö­lü­min­de taý­ýar ma­ta­lar kes­git­le­nen möç­ber­de top­la­nyl­ýar we ti­kin bö­lü­mi­ne ug­ra­dyl­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz ma­ta­la­ryň top­la­ny­ly­şy, möç­ber­le­ri bi­len gy­zyk­la­nyp, taý­ýar önüm­le­riň hä­zir­ki za­ma­nyň ýo­ka­ry hil tej­ri­be­si­ne la­ýyk gel­me­gi­niň mö­hüm ta­lap­dy­gy­na ün­si çek­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz top­lu­myň ti­kin­çi­lik fab­ri­gi­ne gel­di we bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan en­jam­la­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry, taý­ýar­la­ny­lan ly­bas­la­ryň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Fab­rik­de Ýa­po­ni­ýa­nyň «Ju­ki», Ger­ma­ni­ýa­nyň «Veit», Tür­ki­ýä­niň «Ast­ron», «Öz­bi­lim» ýa­ly dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­jam­la­ryn­dan yba­rat bo­lan önüm­çi­lik top­lu­my or­naş­dy­ryl­dy.
Ti­kin fab­ri­gi­niň işi­niň dü­zü­mi­ne ly­bas­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni taý­ýar­la­mak hem-de reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny kes­git­le­mek we be­zeg iş­le­ri ýa­ly ugur­lar gir­ýär. Şun­da ze­hin­li ze­nan­la­ryň dö­re­den mil­li ly­bas taý­ýar­la­mak däp­le­ri­ne mö­hüm orun be­ril­ýär. Bu ýer­de otur­dy­lan en­jam­lar işi san­ly ul­gam ar­ka­ly alyp bar­ma­ga, ma­ta­la­ryň öl­çe­gi­ni, bi­çü­wi­ni we ar­tyk gal­ýan bö­lek­le­ri­niň möç­ber­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Fab­rik­de or­naş­dy­ry­lan kö­pu­gur­ly we ýö­ri­te­leş­di­ri­len en­jam­lar teh­no­lo­gik yzy­gi­der­li­lik ar­ka­ly ly­bas­la­ryň aý­ra­tyn bö­lek­le­ri­ni, ýa­ka­la­ry­ny, ýeň­le­ri­ni taý­ýar­la­ýar­lar we olar aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar bi­len bir­leş­di­ril­ýär.
Soň­ra taý­ýar ly­bas­lar ýö­ri­te hil bar­la­gyn­dan ge­çi­ri­lip, söw­da bö­lüm­le­ri­ne ug­ra­dyl­mak üçin gap­la­ra sa­lyn­ýar.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, fab­ri­giň am­ma­ry bo­lup, olar­da ly­bas­lar üçin ze­rur möç­ber­dä­ki ilik­ler, syr­ma­lar we ly­bas­la­ryň ny­şan­la­ry sak­la­nyl­ýar. Şeý­le hem bu ýer­de sarp edi­ji­le­riň is­leg­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, dür­li be­zeg­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.

Hal­ka­ra gü­wä­na­ma­lar gow­şu­ryl­dy
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ger­ma­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy dok­ma en­jam­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we Hal­ka­ra stan­dart­laş­dyr­ma gu­ra­ma­sy­nyň (ISO) san­ly ul­gam ar­ka­ly da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ra go­şu­lan we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­ny diň­le­di.
Hu­su­san-da, «Mon­forts» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň do­lan­dy­ry­jy di­rek­to­ry Ste­fan Flýot Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň çä­gin­de gur­lan tä­ze dok­ma top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­niň dö­re­dil­me­gi­niň özi üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp hem-de pur­sat­dan peý­da­la­nyp, hormatly Prezidentimizi we tu­tuş türk­men hal­ky­ny Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň tä­ze dok­ma top­lu­my üçin «Mon­forts» en­jam­la­ry­nyň saý­la­nyp alyn­ma­gy bi­zi has-da be­gen­dir­ýär. Ka­ka we Ba­ba­daý­han et­rap­la­ry üçin en­jam­lar we soň­ky tas­la­ma­lar bi­len bir­lik­de Türk­me­nis­tan­da hä­zir­ki wagt­da tä­ze­çil en­jam­la­ry­my­zyň 15-si­niň ula­nyl­ýan­dy­gy­na buý­san­ýa­rys, gel­jek­de bu möç­be­riň art­dy­ryl­jak­dy­gy­na ynan­ýa­rys di­ýip, işe­wür bel­le­di.
Ste­fan Flýot çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da «Neo­Tek» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­ki­li­ne Ka­ka et­ra­byn­da gur­lan dok­ma top­lu­myn­da Mon­teх iki sa­ny sta­bi­li­zir­leý­ji çar­çuw li­ni­ýa­sy­ny, «Ther­meх» we «Mon­for­teх» bo­ýag li­ni­ýa­la­ry­ny gur­na­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­den­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.

– Dok­ma ti­mar­la­ýyş en­jam­la­ry­ny ön­dü­ri­ji hök­mün­de «Mon­forts» kom­pa­ni­ýa­sy açyk in­li ma­ta­la­ryň dür­li gör­nü­şi­ni bo­ýa­mak we be­ze­mek iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar, ýö­ri­te prog­ram­ma­lar üçin çöz­güt­ler hö­dür­le­ýär. Biz hä­zir­ki wagt­da en­jam­la­ry­my­zyň az ener­gi­ýa sarp et­me­gi, zy­ňyn­dy­la­ryň az muk­dar­da bol­ma­gy we ma­ta­la­ry yg­ty­bar­ly gaý­ta­dan iş­le­me­gi bi­len bu pu­da­gyň öň­de­ba­ry­jy­sy ha­sap­lan­ýa­rys. Bi­ziň kom­pa­ni­ýa­myz öz alyp bar­ýan iş­le­rin­de Ger­ma­ni­ýa­nyň Mýun­heng­lad­bah şä­he­rin­dä­ki baş eda­ra­my­zyň işi­niň he­mi­şe ta­kyk, çalt we yg­ty­bar­ly bol­ma­gy­ny baş ýö­rel­gä­miz ha­sap­la­ýar – di­ýip, Ste­fan Flýot aýt­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da­ky tä­ze dok­ma top­lu­my­na «Mon­fo­ri­zed» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gü­wä­na­ma­sy­nyň gow­şu­ry­lan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly «SGS» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da gü­wä­len­di­riş hyz­mat­la­ry bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy­sy Bo­ra Şen­gül çy­kyş et­di. Ol Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da­ky tä­ze dok­ma top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi­ne şat­dy­gy­ny bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi we da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň äh­li­si­ni Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy bi­len gut­la­dy.
– «SGS» to­pa­ry önüm­ler we do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry üçin göz­leg, sy­nag, bar­lag we gü­wä­na­ma hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän dün­ýä bel­li kom­pa­ni­ýa­dyr. Do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­mak we ös­dür­mek stra­te­gi­k çöz­güt­dir, ol kär­ha­na­la­ra umu­my ön­dü­ri­ji­li­ge äh­li güýç­le­ri jem­le­mä­ge, sarp edi­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li önüm­ler we hyz­mat­lar bi­len üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär, mu­nuň özi kär­ha­na­dan daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry hil gör­ke­zi­ji­si­ni hem-de yg­ty­bar­ly­ly­gy ta­lap ed­ýär – di­ýip, Bo­ra Şen­gül aýt­dy.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma top­lu­my we Türk­me­nis­ta­nyň dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li pag­ta eg­ri­ji fab­rik­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de yk­rar edil­di we ola­ra ISO 9001, ISO 14001 we OH­SAS 18001 gü­wä­na­ma­la­ry gow­şu­ryl­dy.
Kom­pa­ni­ýa­nyň we­ki­li Ka­ka et­ra­byn­da gur­lan tä­ze dok­ma top­lu­my­na ISO 9001 we SA 8000 gü­wä­na­ma­la­ry­ny gow­şur­ma­gyň özi üçin uly mer­te­be­di­gi­ni aýt­dy hem-de top­lu­myň iş­le­rin­de üs­tün­lik­ler ar­zuw et­di.
Şeý­le hem tä­ze dok­ma top­lu­my­na önüm­çi­lik ul­ga­my­nyň äh­li tap­gyr­la­ryn­da zy­ýan­ly hi­mi­ki se­riş­de­le­riň ýok­lu­gy­ny we onuň howp­suz­ly­gy­ny tas­syk­la­ýan OEKO-TEХ Stan­dard 100 gü­wä­na­ma­sy gow­şu­ryl­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan ser­gi bi­len ta­nyş­dy, on­da tä­ze dok­ma top­lu­myn­da ön­dü­ri­len, eko­lo­gik taý­dan aras­sa ýüp­lük­ler­den taý­ýar­la­ny­lan dür­li gör­nüş­li taý­ýar önüm­ler – ça­ga­lar we ulu­lar hem-de ze­nan­lar üçin ni­ýet­le­nen egin-eşik­le­riň köp gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň dok­ma se­na­ga­ty­nyň mil­li Li­de­ri­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çyk­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ser­gi­de gör­ke­zil­ýän önüm­le­ri syn­lap, ola­ryň berk­li­gi, ýa­kym­ly­lyk de­re­je­si we taý­ýar­la­nyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy. Milli Liderimiz hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da eko­lo­gik taý­dan aras­sa çig mal­dan taý­ýar­lan­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän muk­da­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­na, şol bir wag­tyň özün­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Hormatly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy, şeý­le hem tä­ze dok­ma top­lu­my­na 10 sa­ny tä­ze aw­to­bu­syň, ýe­ňil aw­tou­la­gyň we 2 sa­ny ýük aw­tou­la­gy­nyň açar­la­ry­ny gow­şur­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze pu­da­gy ös­dür­mek, ýo­ka­ry ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­mek, şeý­le hem dok­ma­çy­la­ryň amat­ly ýa­şaý­şy hem-de dynç al­ma­gy ba­ba­tyn­da şert­le­ri dö­ret­mek ug­run­da ed­ýän taý­syz ta­gal­la­la­ry üçin çuň­ňur ho­şal­lyk bil­di­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­miz da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar bi­len hoş­la­şyp, pu­da­gyň iş­gär­le­ri­ni tä­ze des­ga­nyň açyl­ma­gy bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­la­dy hem-de ola­ra berk jan sag­lyk, iş­le­rin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di, dok­ma pu­da­gy­nyň hü­när­men­le­ri­niň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ma­ga ön­jeý­li go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di.