Almaty şäherinde beýik gazak şahyry we aň-bilim berijisi Abaýyň gününe bagyşlanyp guralan medeni agşamda müňden gowrak tomaşaçy aýdymçylar bilen birlikde açyk asmanda meşhur söz ussadynyň aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Almaty şäher häkimliginiň habar bermegine görä, dabaraly çäräniň çäginde gatnaşyjylara beýik şahyr Abaý Kunanbaýewiň 1909-njy ýylda Sankt-Peterburgda çykan ilkinji eserler ýygyndysynyň taryhy barada gürrüň berýän «Ilkinji kitap» diýen dokumental film hem görkezildi.