Şu ýylyň ýanwarynda wezipesine girişen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ilkinji daşary ýurt saparyna Saud Arabystanyndan başlady. President Tramp şu gün, 13-nji maýda Er-Riýadda Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet bin Salman bilen duşuşdy. Bu ýerde geçirilen gepleşiklerde Muhammet bin Salman öňümizdäki dört ýylda ABŞ-da 600 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi. Donald Tramp hem öz gezeginde bu mukdary 1 trillion dollara ýetirmek isleýändigini aýtdy. Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) – Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasy ABŞ-da öň hem uly möçberde maýa goýdy.
Şeýle hem Tramp Er-Riýadda işewür ýolbaşçylar we beýleki hökümet işgärleri bilen birlikde Saud-ABŞ maýa goýum forumyna gatnaşdy. Bu forum durnukly ösüş, emeli aň we tehnologiýa, aerokosmos we goranyş senagaty, saglygy goraýyş ýaly birnäçe temany öz içine aldy. Forumda energetika ministri şazada Abdul-aziz bin Salman Al Saud, maýa goýum ministri Halid bin Abdul-aziz Al Saud we maliýe ministri Muhammet Al Jadan ýaly Saud Arabystanyň birnäçe ministri çykyş etdiler.
Amerika tarapyndan çykyş edýänleriň arasynda, degişlilikde, “Blackstone”, “BlackRock”, “Citigroup” we “IBM”-e ýolbaşçylyk edýän işewürler Stiwen Şwarsman, Lorens Fink, Jeýn Freýzwer we Arwind Krişna dagy bar. Forumda “Alphabet” we “Google”-yň maýa goýum müdiri Rut Porat, Ak Tamyň emeli aň we kriptowalýuta meseleleri boýunça başlygy Deýwid Saks çykyş etdiler. Bu maslahata 2 müňden gowrak wekil gatnaşdy.
14-nji maýda Donald Tramp Pars aýlagy ýurtlarynyň liderleriniň sammitine gatnaşar, soňra Katara syýahat eder. Ol saparyny 15-nji maýda BAE-de tamamlar. Saparyň maksady Pars aýlagy ýurtlaryndan has köp maýa goýumlary çekmekden ybarat. BAE 10 ýylda ABŞ-a 1,4 milliard dollar maýa goýmagy wada berdi, Katar bolsa, şu hepdäniň ahyrynda öz borçnamalaryny mälim etmegine garaşylýar.