Fransiýanyň PSŽ topary italiýaly derwezeçisi Janluiji Donnarummanyň şertnamasyny uzaltmakdan ýüz öwürmeginden soň onuň ornuna “Lill” toparyndan Luka Şewalýeni düzümine goşdy. Parižliler 23 ýaşyndaky fransiýaly derwezeçiniň transfer tölegi hökmünde “Lill” toparyna 40 million ýewro berer. Şewalýe PSŽ bilen 5 ýyllyk şertnama gol çekip, ol täze toparynda 30-njy belgili köýnekçäni geýer. “Lill” toparynda 127 oýunda derwezäni goran Şewalýe 1 möwsüm “Ligue 2”-niň “Walensiýan” toparynda-da oýnady. Italiýaly derwezeçi Donnarumma bolsa karýerasyny iňlis klubunda dowam etdirip biler. Onuň bilen “Mançester Ýunaýted”, “Çelsi”, şol sanda türk kluby “Galatasaraý” hem içgin gyzyklanýar. Donnarumma 2021-nji ýylda “Milan” bilenem şertnamasyny uzaltmandy we italýan kluby edil PSŽ ýaly täze derwezeçisini, Maýk Menýany “Lill” toparyndan transfer edipdi.