Şu günler «Italiýa-Merkezi Aziýa» formatyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde dolandyryş we bilim üçin «Durnukly institusional dialogy döretmek (BRIDGE)» atly taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, italýan tarapyň teklibi bilen hünär ýokarlandyryş okuwlary gçirilýär. Italiýa Respublikasynyň Bolonýa, Rim, Wenesiýa we Milan ýaly şäherlerinde geçirilýän okuwlara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Döwlet gullugyny we dolandyryşyny kämilleşdirmek meseleleri, döwlet Maksatnamalarynda goýlan wezipeleri maksatnamalaýyn ýerine ýetirmegiň usullarydyr tärleri, oba hojalygynyň durnukly ösüşini gazanmak, ulag we sanly aragablanyşyk, senagatlaşdyrma, suw we ýer serişdeleri goramak boýunça geçirilýän gysga möhletli hünär ýokarlandyryş okuwlaryna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Bu gysga möhletli hünär kämilleşdiriş okuwlaryň nazary okuwlarynyň dowamynda innowasion kararlar kabul etmek, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmek hem döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin strategik meýilnamalaşdyryş işlerini giňişleýin öwrenmek bilen, döwlet gullukçylarynyň sanly ulgam babatynda ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmek, innowasion menejment we sanlylaşdyrma düzüm birliklerinden peýdalanmak arkaly çözgütleri taýýarlamak hem-de kabul etmek, döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde netijeliligi gazanmak, strategik meýilnamalaşdyryş arkaly netijeliligi gazanmak, «ýaşyl» energiýa geçiş, dolandyrmagyň innowasion çemeleşmeleri bolan durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde global tendesiýalar we strategik ileri tutmalar, durnukly ösüşde maýa goýum işi, döwlet we sebit maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliligini kesgitlemek, jemgyýetçilik syýasatyny durmuşa geçirmekde maksatnamalaýyn çemeleşmeler, durnukly ösüşde jemgyýetçilik syýasatyň orny ýaly temalar esasy maksatlar bolup durýar. Bu ugurda tejribeli italýan bilermenleri bilen maslahat edilýär. Okuwa gatnaşyjylar nazary okuwlardan soň ýerinde, ýagny öwrenilip, maslahat edilen mowzuklarda tejribelere hem gatnaşdylar. Meselem, Italiýanyň Bolonýa şäherindäki dünýäniň iň gadymy uniwersiteti hasaplanýan Bolonýa uniwersitetinde oba hojalygyny durnukly ösdürmek bilen baglanyşykly okuwlar geçirildi. Bolonýa şäheriniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir, sebäbi bu şäher Italiýanyň “Azyk jülgesi” diýlip atlandyrylýan bereketli Po jülgesinde, ýagny Emiliýa-Romaniýa sebitinde ýerleşýär. Sebit oba hojalyk pudagynyň esasy hereketlendiriji güýji we merkezi bolup durýar. Şäher asyrlaryň dowamyndaky ekerançylyk däplerini öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrýar.
Agzalan taslamanyň çäginde döwlet gullugyny we dolandyryşy kämilleşdirmek meseleleri bilen bagly bolan ulag, senagatlaşdyrma we sanly arabaglanyşyk ugry boýunça hünär ýokarlandyryş okuwlary Rim şäherindäki Sapienza uniwersitetinde geçirilýär. Nazary okuwlarda Italiýanyň Geosyýasy barlaglar we territorial seljerme merkeziniň ýolbaşçysy, Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň degişli bilermenleri, Senagat we ulag ministrliginiň wekilleri «Baglanyşyk, güýç we Ýewraziýa giňişligi: Merkezi Aziýa düşünmek üçin geosyýasy kategoriýalar», «Meýilnamalaşdyryş we programmirleme», «Seljeriş usullary», «Çylşyrymly senagat ulgamlarynda çydamlylyk, dowamlylyk», «Halkara taslama dolandyrylyşy we maýa goýum», «Islendik taslama durmuşa geçirilende töwekgelçilikleriň strategik bahalandyrlyş usullary», «Logistika ulgamlary, iki maksatly ulag we ykdysady howpsuzlyk», «Strategik hereketlendiriji hökmünde durnuklylygyň orny» ýaly mowzuklarda tejribeli italýan bilermenleri bilen maslahat edilip, nazaryýetde öwrenen mowzuklary tejribede hem göz ýetirer ýaly ýerinde, ýagny inženerçilik mümkinçilikleri peýdalanylyp, nou-hau, innowasion dolandyryşy ulanýan, şol degişli usullary peýdalanýan senagatdyr edara binalarynda nou-hau gönükdirilen amaly sapaklar gurnaldy.

Neapoladaky degişli desganyň tehniki aýratynlygy bilen tanyşdyrylyş sapary ýokary tizlikli otly bilen gidip gelmeklik bilen bir hatarda italýan logistikasynyň integrasiýalaşdyrylma aýratynlyklary, sanly ekoulgamy bilen hem ýakyndan tanyşdyryldy.
Zalila Rozyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.
PDF









