Ýene bir topar öýüne gaýdar, ýyldyz futbolçynyň 200-nji duşuşygy

3

Toparçadaky beýleki oýunda Horwatiýanyň ýygyndysy Panamanyň ýygyndysyny 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Torontodaky BMO Field stadionynda oýnalan duşuşygyň ýeke-täk goluny 54-nji minutda Ante Budimir derwezä girizdi. Bu ýeňişden soň Horwatiýa ilkinji 3 utugyny gazanyp, toparçada indiki tapgyra çykmak üçin esasy ädimi ätdi.

Panamanyň ýygyndysy bolsa çempionat bilen hoşlaşan nobatdaky topar boldy. Panamanyň ýygyndysy 2-nji oýunlardan soň 1/16 finala çykmak mümkinçiligi galmadyk 5-nji topar hökmünde hasaba alyndy. 2018-nji ýyldan soň 2-nji gezek çempionata gatnaşýan Panamanyň häzirlikçe 5 oýunda ýeke ýeňşi, şol sanda deňligi hem ýok.

Duşuşykda 81 minutlap meýdançada galan Luka Modriç 200-nji gezek milli ýygyndynyň köýnekçesini geýdi. Ol Dünýä futbolynyň taryhynda bu görkezijä ýeten 4-nji futbolçy bolmagy başardy. Modriçden öňde Kristiano Ronaldo 230, kuweýtli Bader Al-Mutawa 202, Lionel Messi 201 oýun bilen öňdäki 3 orny eýeleýär.