13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi jenap Abdolreza Abbasi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy Laçyn Nurmuhammedowa bilen duşuşdylar. Duşuşygyň çäginde medeniýet we ylym-bilim ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra myhmanlar ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen pars dilindäki kitaplar we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar. Şeýle-de olar “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen gadymy kitaplar we ilkinji çap edilen neşirler bilen tanyşdylar. Duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň pars diline terjime edilen nusgasyny, ilçihananyň Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi bolsa pars dilinde neşir edilen 40-dan gowrak eseri döwlet kitaphanasyna sowgat berdi.
PDF









