“Dubai Airports” kompaniýasy howa menzillerini ýakyn 10 ýylda dünýäniň iň elýeterli we inklýuziw howa menzillerine öwürmek boýunça täze meýilnamalaryny mälim etdi.
Şäheriň iki halkara howa menzilini dolandyrýan “Dubai Airports” kompaniýasy, ähli ugurlar boýunça şähere gelýänler üçin syýahaty ýönekeýleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Meýilnamalar Dubaýyň halkara howa menzilini we Al-Maktum adyndaky halkara howa menzilini 2035-nji ýyla çenli dünýäde iň elýeterli we inklýuziw howa menziline öwürmäge gönükdirilendir.
Eşidiş ukyby pes bolan syýahatçylar üçin täze eşidiş enjamlary we Dubaýyň halkara howa menziliniň şahadatnamasy ýaly soňky başlangyçlar, Dubaýyň ýörite adamlar üçin syýahaty has amatlylaşdyrandygynyň diňe käbir mysallarydyr.
10 ýyl üçin işlenip düzülen bu strategiýa syýahatyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, iň oňat halkara tejribesine laýyk gelýär. Kampaniýa 2022-nji ýylda hödürlenen “Biziň hemmämiz dünýäni başgaça görýäris” başlangyjyny ösdürýär. Kampaniýanyň wekilleri elýeterliligiň diňe bir infrastruktura bagly däl-de, eýsem pikirleri, medeniýeti üýtgetmek we duýgudaşlyga çagyrmak bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär.