Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysadyýet we sosial meseleler boýunça bölüminiň çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylyň noýabr aýyna çenli dünýä ilaty 8 milliarda ýeter.
«Maglumatlara görä, 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli dünýä ilaty 8 milliard adama ýeter» diýlip, resminamada bellenilýär.
Beýanatda bellenişi ýaly, dünýä ilaty köpelmegini dowam etdirýär, ýöne ösüş depgini haýallaýar. 2020-nji ýylda global ösüş 1950-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýylda 1 göterimden aşak düşdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, 2030-njy ýylda dünýä ilaty 8,5 milliard töweregi bolup biler. 2050-nji ýyla çenli Ýeriň ýaşaýjylarynyň sany 9,7 milliard, 2100-nji ýyla çenli 10,4 milliard bolar.
Gurama 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň köpelmeginiň ýarysyndan gowragynyň Kongo Demokratik Respublikasy, Müsür, Efiopiýa, Hindistan, Nigeriýa, Pakistan, Filippinler we Tanzaniýa ýaly sekiz ýurtda jemlenjekdigine ynanýar. Şeýle hem 2027-nji ýyla çenli Hindistanyň iň köp ilatly ýurt hökmünde Hytaýdan öňe geçmegine garaşylýar.