Geljek ýylyň tomsunda 3 ýurtda – Kanada, Meksika we ABŞ-da geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogyna gatnaşjak 48 toparyň 28-si belli boldy. Olaryň 3-si ýer eýeleri bolup, galan 25 ýygyndy dowam edýän saýlama duşuşyklarynyň netijesinde hukuk gazanan toparlardyr. Oktýabr aýyndaky duşuşyklarda Afrika yklymynyň ähli topary-da belli bolup, ýene bir ýygyndynyň yklymlar arasy pleý-off oýunlaryndan soň sanawa goşulmagy mümkin. Aziýadan ýene-de 2 ýygyndy belli bolsa, Ýewropadan ilkinji topar bolmaklyk Angliýanyň ýygyndysynyň paýyna düşdi. Noýabr aýyndaky oýunlardan soň Ýewropadan 11 ýygyndy Angliýanyň hataryna goşular. Şol sanda Demirgazyk Amerikadan hem ýer eýelerinden daşgary ýene-de 3 ýygyndy final tapgyryna gatnaşar. Geljek ýylyň mart aýynda-da Ýewropadan ýene 4, şol sanda yklymlararasy pleý-off duşuşyklaryndan hem 2 ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga ýollanma alar.

ÝER EÝELERI: Kanada, Meksika, ABŞ

AZIÝA: Ýaponiýa, Eýran, Özbegistan, Günorta Koreýa, Iordaniýa, Awstraliýa, Katar, Saud Arabystany

OKEANIÝA: Täze Zelandiýa

GÜNORTA AMERIKA: Argentina, Braziliýa, Ekwador, Urugwaý, Kolumbiýa, Paragwaý

AFRIKA: Marokko, Tunis, Müsür, Alžir, Gana, Kabo Werde, Günorta Afrika, Kot-d’Iwuar, Senegal

ÝEWROPA: Angliýa