Dünýä Kubogy 2026-da jemi 104 duşuşyk geçirilip, şolarda 308 gol hasaba alyndy. Iki görkeziji hem iň ýokary statistika bolup, ortaça alnanda, her oýna 2,96 goldan düşýär. 4 futbolçy het-trik etdi. Olar argentinaly Lionel Messi, kanadaly Jonatan Dewid, fransiýaly Usman Dembele hem-de angliýaly Bukaýo Sakadyr.

14 awtogol hasaba alnyp, şolaryň 2-sini müsürli Mohamed Hani geçirdi. Ol bir çempionatda 2 goly öz derwezesinden salan ilkinji futbolçy boldy.
178 futbolçy tapawutlandy. Olardan başga-da 13 futbolçy öz derwezesinden gol saldy. 178 futbolçynyň 29-sy 2, 18-si 3, 3-si 4 gol geçirdi. 1 futbolçy 5, 2 futbolçy 6, 2 futbolçy 7, 1 futbolçy 8 hem-de 1 futbolçy 10 goly derwezä girizdi.
Şu çempionatda 43 gol jerime urgularyndan geçirilip, bu iň ýokary görkeziji hökmünde hasaba alyndy. Mundan öňki iň ýokary statistika 1982-nji ýyldaky çempionatda bellige alnypdy. Şol çempionatda 32 gol jerime urgusyndan geçirilipdi.
Dünýä Kubogynyň duşuşyklaryna stadionlarda 6 million 810 müň 966 janköýer tomaşa edip, bu taryhy rekord hökmünde hasaba alyndy. Ortaça 65 müň 490 janköýer tomaşa edip, bu görkeziji boýunça ABŞ 1994-den soň 2-nji orny eýeledi. Mundan 32 ýyl öňki çempionatda duşuşyklara ortaça 68 müň 991 janköýer tomaşa edipdi.

Şu çempionatda jemi 13-si gönümel, jemi 16 gyzyl kart görkezildi. Eminler jemi 277 gezek sary karta ýüz urmaly boldular (ortaça her oýunda 2,54). Marokkoly Issa Diop 3 sary kart alyp, bu ugurda öňe saýlandy. Müsürli futbolçylar 12, kanadalylar 11 sary kart aldylar.
Eminlerden – finalda jürlewük çalan sloweniýaly Slawko Winçiç, iordaniýaly Adham Mahadmeh, salwadorly Iwan Barton, amerikaly Ismail Elfath, wenesuelaly Hesus Walensuela, angliýaly Maýkl Oliwer, fransiýaly Kleman Turpen dagy 4 duşuşykda eminlik etdi.
Argentinanyň ýygyndysy 3-nji gezek finalda 90 minutyň dowamynda takyk urgy geçirmedik ýeke-täk ýygyndydyr (1990, 2014, 2026).

Finalda 11 seýw eden Emiliano Martinesiň bu görkezijisi çempion Ispaniýanyň derwezeçisi Unaý Simonyň tutuş çempionatyň dowamynda eden seýwinden köpdür (10 seýw).
Lionel Messi Argentinanyň ýygyndysy bilen 5-nji gezek finalda utulyp, ol bu ugurda watandaşy Hawier Maskerano bilen deňleşdi.

FIFA çempionatyň umumy baýrak gaznasyny 871 million dollara deňdir. Çempion topar çempionlyk baýragy hökmünde 50 million dollar alsa, finalça 33 million dollar berler. 3-nji ýeri eýelän topar 29, 4-nji orunda tamamlan 27, çärýek finalda utulanlar 19, 1/8 finaldan yzyna gaýdanlar 15, 1/16 finala çykanlar 11 million dollar pul baýragy bilen sylaglanar. Toparçadan çykyp bilmedik toparlar bolsa 10 million dollarlyk pul baýragyny gazandylar.
PDF









