Dünýä Kubogyna iň köp futbolçy ugradan klublar – “Mançester Siti” öňdeligi eýeleýär

1

Dünýä Kubogyna iň köp futbolçy ugradan klub Angliýanyň “Mançester Siti” toparydyr. Bu klubuň 19 futbolçysyny dürli ýygyndylaryň tälimçileri toparlarynyň düzümlerine çagyrdy. “Bawariýa” 17 futbolçy bilen 2-nji ýerde barýar. Çempionlar Ligasynyň finalynda duşuşan PSŽ bilen “Arsenalyň” hersinden 16, “Barselonadan” 15 futbolçy Dünýä Kubogy 2026-a çagyryldy. “Kristal Palas”, “Mançester Ýunaýted” (Angliýa), “Al-Hilal” (Saud Arabystany), “Atletiko” (Ispaniýa) 12, “Liwerpul” (Angliýa), “Borussiýa Dortmund” (Germaniýa), “Galatasaraý” (Türkiýe) 11, “Slawiýa Praga” (Çehiýa), “Milan” (Italiýa), PSW (Niderlandlar), “Real Madrid” (Ispaniýa) hem-de “Fenerbahçe” (Türkiýe) klublaryndan 10 futbolçy çagyryldy.

IŇ KÖP ANGLIÝANYŇ KLUBLARYNDAN FUTBOLÇY BAR

Şeýle-de, iň köp Angliýanyň klublarynda oýnaýan futbolçylar Dünýä Kubogyna gatnaşarlar. Geçen möwsümi iňlis klublarynda tamamlan 205 futbolçy Dünýä Kubogy 26-a wekilçilik ederler. Germaniýanyň klublaryndan 108, Fransiýadyr Ispaniýanyň toparlarynyň hersinden 86, şol sanda milli ýygyndysy ýok hem bolsa italýan klublaryndan 71 futbolçy Dünýä Kubogyna gatnaşýan toparlaryň düzümlerine çagyryldylar. Saud Arabystanynyň klublaryndan 49, ABŞ-nyň toparlaryndan 48, Türkiýäniň toparlaryndan 45 futbolçy Dünýä Kubogyna gatnaşar.

5-NJI LIGADAN HEM 2 OÝUNÇY GATNAŞÝAR

Täze Zelandiýadan Tommi Smit Angliýanyň 5-nji ligasynyň (“National League”) “Breýntri Tawn”, şeýle-de gaitili Josue Duwerger Germaniýanyň 5-nji ligasynyň (“Oberliga”) “Kosmos Koblenz” toparynda çykyş edýär. Bu ikisi toparlaryň düzümlerine çagyrylan futbolçylaryň arasynda iň pes ligada çykyş edýän 2 oýunçy hökmünde hasaba alyndy.