Geljek ýyl taryhda ilkinji gezek 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogynyň debýutantlarynyň sany häzirlikçe 3-e ýetdi. Afrika zolagynda “D” toparçada çykyş eden Kabo Werdeniň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Toparçadaky soňky duşuşygynda Eswatininiň ýygyndysyndan Liwramento, W. Semedo hem-de Stopiranyň gollary esasynda 3-0 hasabynda üstün çykdy. Netijede, 2-nji ýerdäki Kamerunyň ýygyndysyndan 4 utuk öňe saýlanan Kabo Werdeniň milli ýygyndysy toparçalardaky oýunlarda öz meýdançasynda ýeke gol hem geçirtmedi, şol sanda ýeke gezek hem ýeňilmedi.
Kabo Werdeniň ýygyndysy Dünýä Kubogy 2026-nyň Özbegistanyň hem-de Iordaniýanyň ýygyndylaryndan soň 3-nji debýutant topary bolar. Umumylykda bolsa Dünýä Kubogyna wekilçilik etjek 83-nji ýygyndy hökmünde hasaba alyndy. Kabo Werde Islandiýadan soň Dünýä Kubogynda çykyş etjek iň az ilatly 2-nji ýurt bolar. Kabo Werdeniň 593 müň ilaty bar.
Afrika yklymyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Kamerunyň milli topary toparçada 2-nji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyryndan ýollanma almak üçin göreşer.