Hepdäniň şenbe güni, ýagny ertir, Ýewropada 2026-njy ýylda Meksika, Kanada we ABŞ-da geçiriljek FIFA Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna badalga berler. Duşuşyklar 5 toparly toparçalarda oýnalar. 4 toparly toparçalaryň duşuşyklaryna bolsa sentýabr aýynda badalga berler.

Mundan öňki Dünýä Kubogynyň Ýewropa zolagynda täsin, gyzykly statistikalar, hasabatlar bellige alyndy. Ine, şolaryň käbirlerini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

IŇ KÖP GOL GEÇIREN ÝYGYNDY

Ýewropada Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň köp gol geçiren ýygyndy Niderlandlaryň milli toparydyr. Olar 315 gol bilen sanawyň başyny çekýär. Dünýä Kubogy 2014-iň saýlama tapgyrynda pyrtykal reňkliler 34 gol geçirdiler. Bu olaryň iň ýokary görkezijisi hökmünde hasaba alyndy. Toparyň iň netijeli oýunçysy bolsa Memfis Depaý bolup, onuň 15 goly bar.

2018-nji ýylda Russiýada geçirilen çempionata wekilçilik eden Islandiýanyň ýygyndysy Dünýä Kubogyna gatnaşan iň kiçi ýurt boldy. Şol wagtlar Islandiýanyň ilaty 334 müňe golaýdy.

IŇ KÖP GOL GEÇIREN OÝUNÇY

Portugaliýaly Kristiano Ronaldo saýlama tapgyrynda iň köp gol salan oýunçydyr. Onuň 47 oýunda 36 goly bar. Ronaldo şolarda 5 gezek het-trik etmegi başardy.

Ronaldodan soň polşaly Robert Lewandowski 30 gol bilen 2-nji, 26 golly ukrainaly Andreý Şewçenko 3-nji, 25 gol salan bosniýa we gersegowinaly Edin Jeko 4-nji hem-de 19 goly öz adyna ýazdyran portugaliýaly Pauleta 5-nji ýeri eýeleýär.

DK-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda 30 dürli milli ýygyndy toparçalarynda 1-nji orny eýeledi. Ispaniýa 12 gezek 1-nji ýeri eýeläp, bu babatda sanawyň başyny çekip gelýär. Bosniýa we Gersegowina, Gündogar Germaniýa, Gresiýa, Islandiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Slowakiýa hem-de Ukraina 1 gezek toparçalaryny lider hökmünde tamamladylar.

Ukrainanyň ýygyndysy 5 gezek pleý-offa gatnaşyp, bu ugurda iň öňde barýar. Ýöne ukrainlere şol 5 gezekde-de şowlulyk ýar bolmady. Belgiýa, Horwatiýa hem-de Portugaliýa 3 gezek pleý-off tapgyryna gatnaşyp, 3-sinde-de ýeňiş gazanan taraplar boldular.

22 TOPAR GATNAŞYP BILMEDI

UEFA-nyň 55 agzasynyň 22-sine Dünýä Kubogyna gatnaşmak başartmady. Albaniýa, Finlýandiýa, Gruziýa, Latwiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Andorra, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Kipr, Estoniýa, Farer Adalary, Gibraltar, Gazagystan, Kosowa, Lihtenşteýn, Litwa, Lüksemburg, Malta, Moldowa, Garadag hem-de San Marino döwletleriniň ýygyndylaryna iň uly futbol baýramçylygyna gatnaşmak miýesser etmedi. Albaniýa, Finlýandiýa, Gruziýa, Latwiýa, Demirgazyk Makedoniýa döwletleriniň milli ýygyndylary 1 gezek Ýewropa çempionatlarynda çykyş etselere, olaram FIFA-nyň ýaryşyna gatnaşmak häzirlikçe başartmady.

Robert Lewandowski DK 2018-iň saýlama tapgyrynda 16 gol geçirdi. Ol saýlama tapgyrynyň 1 möwsüminde iň köp salan futbolçydyr. Ol şol saýlama oýunlarynyň diňe birinde gol geçirip bilmän, Daniýadyr Rumyniýanyň, Ermenistanyň derwezelerinden 3 gol saldy.

IŇ KÖP ÖZARA DUŞUŞANLAR

Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda iň köp özara duşuşan toparlar – Angliýa bilen Polşanyň milli ýygyndylarydyr. Iki topar jemi 14 gezek duşuşdylar. Ilkinji gezek Dünýä Kubogy 1974-iň saýlama tapgyrynda gabatlaşan toparlaryň şol oýnunda Polşa 2-0 hasabynda ýeňipdi we bu olaryň häzirlikçe ýeke-täk ýeňşidir. Galan 13 oýunda Angliýa 8 gezek ýeňdi. Galan 5 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

IŇ ULY HASAPLY ÝEŇIŞ

Ýewropa yklymyndaky iň uly hasaply ýeňiş 1969-njy ýylyň maýynda bellige alnyp, şol wagtky Günbatar Germaniýanyň ýygyndysy Kipriň ýygyndysynyň derwezesinden jogapsyz 12 gol geçirdi. Essen şäherindäki Gerog-Melşes stadionynda oýnalan duşuşykda ýyldyz oýunçy Gerd Müller 4, Wolfgang Owerat 3 gezek tapawutlandy.

IŇ ÇALT GOL

Saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagy boýunça iň çalt goly belgiýaly Kristian Benteke geçirdi. Ol DK 2018-iň saýlama tapgyrynda Gibraltaryň derwezesinden 8,1-nji sekuntda gol geçirmegi başardy. Benteke san marinoly Dawide Gualtieriniň DK 1994-iň saýlama tapgyrynyň çäginde Angliýanyň derwezesinden 8,3 sekuntda geçiren golunyň rekordyny täzeläpdi.

5 ÝYGYNDY ÄHLI DUŞUŞYKLARYNDA ÝEŇIŞ GAZANDY

Diňe 5 ýygyndy ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazandy. Ýagny DK 1962-niň saýlama tapgyrynda Günbatar Germaniýa bilen SSSR-iň ýygyndylary 4 duşuşygynda ýeňiş gazandy. DK 1982-niň saýlama tapgyrynda nemesler Polşanyň ýygyndysy bilen bilelikde bu başarnygyny 2-nji gezek gaýtalady. DK 2010-nyň saýlama tapgyrynda bolsa Ispaniýa bilen Niderlandlar ähli duşuşyklarynda 3 utuk gazandylar. DK 2018-iň saýlama tapgyrynda bolsa Germaniýanyň ýygyndysy ähli duşuşygynda ýeňiş gazanyp, bu taryhy başarnygy 3-nji gezek gaýtalamagy başardy.

DK 1958-iň saýlama tapgyry ortaça iň köp gol geçirilen saýlama oýunlary boldy. Şol saýlama tapgyrynda ortaça her duşuşyga 4,15 goldan düşdi. Fransiýa bilen Belgiýanyň ýygyndylarynyň Islandiýanyň derwezesinden 8 gol geçirmegi hem-de Bolgariýanyň Norwegiýany 7-0 hasabynda ýeňmegi ortaça goluň köp bolmagyna uly goşant goşdy.

DIŇE 3 TOPAR GOL GEÇIRTMEDI

Diňe 3 topar gol geçirtmedi. DK 1974-iň saýlama tapgyrynda Italiýa ýeke gol hem geçirtmän toparçasynda 1-nji orny eýeledi. Ýeke gol geçirtmedik Belgiýanyň ýygyndysy bolsa gol aratapawudy bilen Niderlandlardan yza galdy we Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmedi. DK 1990-nyň saýlama tapgyrynda Angliýanyň ýygyndysy ýeke gol geçirtmezden, toparçasynda Şwesiýadan soň 2-nji orny eýeläp, çempionata gatnaşypdy.

SAÝLAMA TAPGYRYNYŇ ILKINJI DUŞUŞYGY

FIFA Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda oýnalan ilkinji duşuşyk 1933-nji ýylyň 11-nji iýunynda Stokgolmdaky Olimpiýa stadionynda geçirildi. Şonda Şwesiýanyň ýygyndysy Estoniýany 6-2 hasabynda ýeňipdi. Soňra Litwany hem 2-0 hasabynda ýeňen Şwesiýa Italiýa 1934-e gatnaşypdy. Ilkinji Dünýä Kubogy saýlama tapgyry geçirilmezden guralypdy.