Ýene-de 4 duşuşykdan tamamlanjak Dünýä Kubogy 2026-da 4 topar ozalky çempion nobatdaky gezek Ýer şarynyň iň ulusy bolmak üçin göreşerler. Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek FIFA-nyň reýtinginde ilkinji dörtlükde barýan toparlar ýarym finala çykdy. Häzirki wagtda soňky gezek 11-nji iýunda yglan edilen FIFA-niň reýtinginde Argentina 1-nji, Ispaniýa 2-nji, Fransiýa 3-nji, Angliýa 4-nji orunda barýar.
Ýarym finala çykan toparlardan Argentinanyň 3, Fransiýanyň 2 hem-de Angliýadyr Ispaniýanyň 1 çempionlygy bar. Argentina 1978-nji, 1986-njy, 2022-nji ýylda, Fransiýa 1998-nji, 2018-nji, Angliýa 1966-njy, Ispaniýa 2010-njy ýylda çempionlyk gazanýar. Argentina 1930-njy ýylda, 1990-njy hem-de 2014-nji ýyllarda finalda utulýar. Fransiýa bolsa 2006-njy hem-de 2022-nji ýylda finalda ýeňilýär.
Fransiýa bilen Ispaniýanyň arasyndaky duşuşyk 14-nji iýuldan 15-nji iýula geçilýän gije, Angliýa bilenem Argentinanyň arasyndaky oýun 15-nji iýuldan 16-njy iýula geçilýän gije oýnalar.
PDF









