Italiýanyň Renesans (Galkynyş) döwrüniň beýik ussatlarynyň biri Mikelanjelo Buonarroti (1475–1564) bolupdyr. Ol diňe bir meşhur italýan heýkeltaraşy däl, eýsem şol döwrüň nakgaşy, grafigy, binagäri, şahyry hem bolupdyr. Onuň eserleri döwürdeşleriniň arasynda ýokary baha mynasyp bolupdyr we öz yzyny ýöredijiler, şeýle-de beýleki akymlaryň wekilleri üçin beýik sungatyň nusgasyna öwrülipdir. Mikelanjelo gizlin hyjuwdan doly ajaýyp eserleri döretdi – olaryň ählisi adamzadyň maddy hem ruhy gözelligine bagyşlanypdyr.
Beýik ussadyň iň naýbaşy eserleriň biri hem “Pýeta” (1499) atly taslamasydyr. Häzirki wagtda bu eser Watikandaky Keramatly Pýotr ybadathanasynda saklanýar. Enelik temasyna bagyşlanan heýkel topary mermerden ýasalyp, onuň beýikligi 174 santimetre deňdir. Eseriň esasy tapawudy, ýagny matalary şekillendirmekde ulanylan bu ýerdäki usul ýordumyň çylşyrymlygyny has-da güýçlendirýär. Bu eser Mikelanjelonyň gol çeken ýeke-täk işidir.
Mikelanjelonyň “Madonna Brýugge” (1498–1501) atly başga bir işi hem mermerden ýasalyp, onuň beýikligi 128 santimetre deň. Bu heýkel Brýuggedäki Notr-Dam ybadathanasyny bezemek üçin niýetlenipdir, eseriň ady hem bu şäherçäniň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Mikelanjelonyň bu eseri oýlanyşykly we gutarnykly ýerine ýetirilen işlerine degişlidir.
Italýan ussadyň esasy eserleriniň biri “Dawid” atly mermer heýkeldir (1501–1504). Äpet uly heýkeliň beýikligi 517 santimetr. Bu portret erkin adamyň güýç-kuwwatyny we çäksiz gujur-gaýratyny şöhlelendirýär. Heýkel sadalygy, aýdyňlygy we täsirliligi bilen tapawutlanýar. Bu ajaýyp heýkel diňe bir Renesans sungatynyň däl, eýsem umumadamzat zehininiň ýokary derejesi hökmünde kabul edilýär.
Hemme taraplaýyn ussadyň çeperçilik dünýägaraýşy özüniň çuňňurlygy we birtaraplylygy bilen haýran galdyrdy we häzire çenli haýran galdyrmagyny dowam edýär. Sungatyň ähli ugurlarynda ol, ilkinji nobatda, heýkeltaraş. Diňe adam bedenini heýkeltaraş şekillendirmäge mynasyp hasaplapdyr. Onuň işleri daşary ýurt we şol sanda türkmen ussatlaryň ençemesine nusga bolup hyzmat etdi.
Häzirki wagtda Mikelanjelo Buonarrotiniň eserleri Pariždäki Luwr muzeýini, Watikandaky Keramatly Pýotr ybadathanasyny, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýini, Florensiýadaky Nepis sungatlar akademiýasyny, Sankt-Peterburgdaky Döwlet Ermitažyny, şeýle-de birnäçe beýleki muzeýleri we çeperçilik galereýalaryny bezeýär. Beýik ussadyň eserleri häli-häzire çenli tomaşaçylary gözelligi we belentligi bilen haýran galdyrýar.
Selim RASULOW,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.