Iň köp da­kyl­ýan at­lar bel­li bol­dy. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Rus­si­ýa­da ça­ga­la­ra da­kyl­ýan iň meş­hur at­lar So­fi­ýa we Mi­ha­il bol­dy. So­fi­ýa di­ýen at gyz­ja­gaz­la­ryň 8 müň 58 sa­ny­sy­na da­kyl­dy, ikin­ji orun­da Ýe­wa (6960) we üçün­ji orun­da An­na (6615) gel­ýär. Mi­ha­il ady­ny 9316 ça­ga dak­dy­lar. Ikin­ji orun­da Alek­sandr (8245), üçün­ji orun­da Art­ýom (7397) ýer­leş­di.

Ştrau­syň sa­zy Mar­sa ug­ra­dy­lar. 31-nji maý­da awst­ri­ýa­ly kom­po­zi­tor Io­gann Ştrau­syň «Ma­wy Du­naý» at­ly sazy Ýew­ro­pa­nyň kos­mos agent­li­gi (ESA) ta­ra­pyn­dan kom­po­zi­to­ryň dog­lan gü­nü­niň 200 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na sig­nal ar­ka­ly Mar­sa ug­ra­dy­ldy. Saz ýag­ty­ly­gyň tiz­li­gin­de dört ýa­rym mi­nut­da Mar­sa ýe­tdi.

Aýa gon­maz­dan öň su­rat iber­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň «is­pace» kom­pa­ni­ýa­sy «X» so­si­al to­run­da «Re­si­li­ence» go­nuş mo­du­ly­nyň tä­ze dü­şü­ren su­ra­ty­ny paý­laş­dy. Su­rat­da Aýyň Gü­nor­ta pol­ýu­sy gö­rün­ýär. Mo­dul şu ýy­lyň ýan­wa­r aýyn­da «Falcon 9» ra­ke­ta­sy ar­ka­ly Ýe­riň hem­ra­sy­na ug­ra­dyl­dy. En­jam 5-nji iýun­da So­wuk de­ňiz se­bi­ti­ne gon­du­ry­lar.