Bangladeşiň täze Prezidenti. Bangladeşiň Parlamenti 20-nji awgustda geçirilen ses berişlikde Mirza Fahrul Yslam Alamgiri ýurduň Prezidenti wezipesine saýlady. Milli partiýanyň (BNP) dalaşgäri 255 ses alyp, garşydaşy Oli Ahmedden (88 ses) üstün çykdy. Bu wezipe öňki Prezident Mohammad Şahabuddin Çuppunyň saglyk ýagdaýy sebäpli çekilmeginden soň boşap galypdy.
Rak keseline garşy täze derman. Hindistanda sagdyn öýjüklere zyýan ýetirmeýän we adaty himiýaterapiýanyň ornuny tutup biljek «RK-251» atly täze derman serişdesi işlenip düzüldi. Diňe çiş öýjüklerinde işjeňleşýän bu derman häzirlikçe deslapky synag tapgyrynda bolup, hünärmenler onuň howpsuzlygyny we netijeliligini doly öwrenmegi dowam etdirýärler.
Ýylyň iň ýaraşykly iti. «Vogue» žurnaly 2026-njy ýylyň iň ýaraşykly iti diýip, italýan lewretkasy «Jenap Spady» ykrar etdi. «Dogue» bäsleşiginiň finalynda 25 itiň arasyndan saýlanan bu owadan it eminler toparyny surata düşüşi, özboluşly häsiýeti we mähirliligi bilen haýran galdyrdy. Eýesi Amina öz itini hakyky nepisligiň nusgasy diýip atlandyrdy. Netijede, «Jenap Spady» abraýly bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
117 ýaşyny belledi. 1909-njy ýylyň 21-nji awgustynda doglan britaniýaly zenan Etel Katerhem 117 ýaşyny belledi. Geçen ýyl dünýäniň iň garry adamy yglan edilip, Patyşa Karl III bilen duşuşan zenan, uzak ýaşamagyň syryny dawalardan gaça durmakda, diňlemekde we halaýan zadyň bilen meşgullanmakda görýär. COVID-19-y hem başdan geçiren zenany bu şatlykly günde maşgala agzalary we dostlary gutladylar.
Şakira mekdepleri gurar. Kolumbiýaly aýdymçy Şakira özüniň «Pies Descalzos» gaznasy we amerikaly haýyr-sahawatçy Howard Baffet bilen bilelikde ýakynda bolup geçen ýertitremede zeper ýeten Kibdo şäherine maliýe ýardamyny berer. Bu serişde şäherde
10 mekdebiň gurluşygyna we uniwersiteti dikeltmäge gönükdiriler. 10-njy awgustda ýurduň günbatarynda bolup geçen 7,4 bal güýjündäki ýertitreme uly weýrançylyklara getirdi.
Ilaty 86 milliondan geçdi. Türkiýäniň Statistika institutynyň maglumatlaryna görä, 2026-njy
ýylyň 1-nji iýulynda ýurduň ilaty 86 million 320 müň 602 adama ýetdi. Bu görkeziji ýylyň başyndaky 86 million 92 müň 602 adam bilen deňeşdirende, 228 müň 434 adam köpdür. Ýurduň ilatynyň 50,1 göterimini erkekler, 49,99 göterimini bolsa zenanlar düzýär. Ýaş toparlary boýunça iň uly paý 25-29 ýaş aralygyndaky raýatlara degişlidir.
«Asman awtobusy» işe girizildi. Hytaýyň Ýunnan welaýatynda okuwçylar üçin 288 metr beýiklikdäki ikinji aýna lift işe girizildi. «Fuýao basgançagy» atly bu täze desga öňki 3 sagatlyk howply ýoly bary-ýogy 30 minutda geçmäge mümkinçilik berýär. «Asman awtobusy» diýlip atlandyrylýan bu iki lift oba çagalaryna mugt hyzmat edip, sagatda 1200 adamy gatnadýar. Taslama sebitiň syýahatçylyk mümkinçiligini hem giňeldýär.
PDF







