Öý­le­ri­mi­ze, dürli maksatly gurlan bi­na­la­ra be­zeg ber­ýän en­jam­la­ryň bi­ri hem lýust­ra­dyr. Oduň ýag­ty­lyk hök­mün­de ula­ny­lan döw­rün­den tä şu gü­ne çen­li yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­na de­giş­li dö­re­di­len bir­nä­çe oý­lap ta­pyş­lar bar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da şe­mi, ýag çy­ra­sy­ny, fa­ke­li (alaw­ly ta­ýak), elekt­rik çy­ra­sy­ny gör­kez­mek bo­lar. Lýust­ra­lar hem adam­zat ta­ry­hyn­da­ky iň go­wy oý­lap ta­pyş­la­ryň bi­ri­dir. Oman Pa­ty­şa­ly­gyn­da­ky Sol­tan Ka­bos met­ji­din­de ýer­leş­ýän ag­ra­my 8,5 ton­na ba­ra­bar lýust­ra dün­ýä­dä­ki iň uly be­zeg­li çy­ra­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Her gün 20 müň zy­ýa­rat­çy­ny ka­bul ed­ýän bu met­jit be­zeg­le­ri, na­gyş­ly di­war­la­ry we äpet lýust­ra­sy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Met­ji­diň üçe­gin­den 14 metr­lik zyn­jyr­dan asy­lan bu lýust­ra hrus­tal­lar bi­len owa­dan be­ze­lip, me­tal çar­çu­wa­sy­na al­tyn ça­ýy­lyp­dyr. Dia­met­ri 8 metr bo­lan äpet lýust­ra­nyň be­ýik­li­gi 14 met­re ba­ra­bar­dyr. Lýust­ra­nyň için­de teh­ni­ki taý­dan abat­la­mak üçin ula­nyl­ýan bas­gan­çak­lar bar. Lýustra­nyň be­zeg işin­de 600 müň hrus­tal daş­ja­gaz­la­ry ula­ny­lyp­dyr. Bu en­ja­myň 36 sa­ny elekt­rik bi­rik­dir­me­si bo­lup, met­ji­di yşyk­lan­dyr­ýan 1 müň 122 sa­ny ga­lo­gen lam­pa­sy bar. Lýust­ra mer­ke­zi güm­me­ziň içi bi­len bir ha­tar­da, 24 sa­ny güm­me­ze hem ýag­ty­lyk ber­ýär. Met­jit­de äpet lýust­ra­dan baş­ga-da, 34 sa­ny ki­çi­räk lýust­ra­lar hem bar. Sol­tan Ka­bos met­ji­di­niň be­ýik­li­gi 90 metr bo­lup, Gün­do­gar bi­na­gär­li­gi­niň iň ka­şaň gur­luş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.