Adam­lar dür­li se­bit­ler­de ýa­şa­sa-da, iý­mit­le­niş aý­ra­tyn­lyk­la­ry dür­li-dür­li bol­sa-da, ta­gam­la­ryň kä­bi­ri hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly is­leg bil­di­ril­ýän meş­hur iý­mit­ler ha­sap­lan­ýar. Is­len­dik ýur­da sy­ýa­ha­ta bar­lan­da ýa-da bir ýur­da ge­ze­lenç et­mek me­ýil­leş­di­ri­len­de şol se­bi­tiň iý­mit sa­na­wy, meş­hur ta­gam­la­ry ba­ra­da iç­gin gy­zyk­la­nyl­ýar. Ta­gam ha­kyn­da gür­rüň edi­len­de, has dog­ru­sy, aş­ha­na sun­ga­ty ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa ital­ýan, fran­suz, hy­taý, ýa­pon, mek­si­kan, hin­di na­har­la­ry öň­de­li­gi eýe­le­ýär.
Piz­za. Ital­ýan aş­ha­na­sy­nyň naý­ba­şy ta­ga­my ha­sap­lan­ýan piz­za köp­le­riň ha­la­ýan tiz ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk­da­ky peç­de der­rew bi­şi­ril­ýän bu ta­ga­myň 687 gör­nü­şi bar. XIX asy­ryň baş­la­ryn­da Ita­li­ýa­nyň Nea­pol şä­he­rin­de oý­la­nyp ta­py­lan bu iý­mit is­le­ge gö­rä dür­lü­çe usul­da taý­ýar­lan­ýar. Adat­ça, bu ta­ga­ma peý­nir, po­mi­dor, zeý­tun, şöh­lat ýa-da et go­şul­ýar. Piz­za hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň äh­li res­to­ran­la­ryn­da­ky ta­gam sa­na­wyn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän iň go­wy iý­mit­le­riň bi­ri­dir. Piz­za bi­şir­ýän ada­ma (piz­za aş­pe­zi) piz­zaio­lo, ki­çi­jik piz­za bol­sa piz­zet­ta di­ýil­ýär.
Dö­ner. Dün­ýä­de meş­hur ta­gam­la­ryň ikin­ji­si dö­ner bo­lup, bu ta­gam türk gast­ro­no­mi­ýa­syn­dan göz­baş al­ýar. Os­man im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de oý­la­nyp ta­py­lan bu ta­ga­myň ta­ry­hy XVII asyr­la­ra de­giş­li bo­lup, şol wagt dö­ner kö­züň üs­tün­de ke­se­li­gi­ne goý­lup bi­şi­ri­lip­dir. 1850-nji ýyl­lar­dan soň ýu­ka ke­si­len et bö­lek­le­ri örü­len gör­nüş­de dik­li­gi­ne bi­şi­ri­lip baş­la­nyp­dyr. Tür­ki­ýä­niň Bur­sa şä­he­ri dö­ne­riň dö­rän ýe­ri ha­sap­la­nyp, XX asy­ryň ahy­ryn­da çalt ta­gam gör­nü­şin­de çö­re­giň ara­sy­na goý­lup köp­çü­lik­le­ýin sa­ty­lyp ug­ra­ýar. 1950-nji ýyl­lar­dan soň türk­le­riň mil­li ta­ga­my­nyň meş­hur­ly­gy has ar­typ, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dö­ner sa­tyl­ýan göç­me dü­kan­lar peý­da bo­lup baş­la­ýar. Ger­ma­ni­ýa­da il­kin­ji dö­ner res­to­ra­ny 1970-nji ýyl­da Ber­lin­de açy­lyp, dün­ýä­dä­ki iň go­wy dö­ner res­to­ra­ny ha­sap­lan­ýar.
Gam­bur­ger. Ame­ri­ka­ly­la­ryň her gün iý­ýän tiz ta­gam­la­ry­nyň bi­ri bo­lan gam­bur­ger çi­şi­ri­len çö­re­giň ara­sy­na kot­let, peý­nir, sa­lat ýap­ra­gy, po­mi­dor we so­gan goý­lup taý­ýar­lan­ýar. Gam­bur­ge­riň ha­çan bi­şi­ri­lip baş­la­nan­dy­gy ba­ra­da dür­lü­çe pi­kir­ler bar. Ta­ryh­çy­lar Te­ha­syň ki­çi şä­her­çe­le­ri­niň bi­rin­de kö­çe aş­pe­zi ta­ra­pyn­dan gam­bur­ge­riň oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
Dim-sum. Hy­taý aş­ha­na­sy de­ňiz önüm­le­ri­ne baý meş­hur ta­gam­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le ta­gam­la­ryň bi­ri-de dim-sum bo­lup, taý­ýar­la­mak üçin köp wagt ta­lap ed­ýär. Hy­taý­ly­la­ryň bu lez­zet­li ta­ga­my et­den, ba­lyk­dan we ba­ly­gyň de­ri­si­ne gök önüm­ler sal­nyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Ba­lyk­gu­la­ga meň­zeş bu ta­gam er­tir­lik we gü­nor­tan­lyk na­ha­ryn­da iýil­ýär.
Bir­ýa­ni. Hin­dis­tan­da we Pa­kis­tan­da iň köp iýil­ýän ta­gam­la­ryň bi­ri hem bir­ýa­ni bo­lup, tü­wi­niň bir­ýa­ni sor­tun­dan taý­ýar­la­nyl­ýar. Tü­wü­si bi­len ady­gan bu ta­ga­ma et, to­wuk eti, ba­lyk, gök ot­lar­dyr ys be­ri­ji­ler go­şul­ýar.
Hu­mus. No­hut­dan taý­ýar­lan­ýan iý­mit­le­riň ara­syn­da hu­mus iň meş­hu­ry ha­sap­lan­ýar. Ýa­kyn Gün­do­gar ýurt­la­ryn­da we türk aş­ha­na­syn­da giň­den taý­ýar­la­nyl­ýan bu ta­gam kä çor­ba, käte iş­däa­çar hök­mün­de iýil­ýär. Hu­mu­sa no­hut pü­re­si, zeý­tun ýa­gy, ow­ra­dy­lan kün­ji, sa­rym­sak, li­mon su­wy we gy­zyl burç go­şul­ýar.
Su­şi. Ýa­pon aş­ha­na­sy­nyň iň meş­hur ta­ga­my bo­lan su­şi tü­wä ga­ry­lan de­ňiz önüm­le­ri­niň da­şy­na çig ba­lyk do­la­nyp taý­ýar­lan­ýar. Ýa­pon­la­ryň bu mil­li ta­ga­my 1980-nji ýyl­lar­dan soň bü­tin dün­ýä­de meş­hur­lyk ga­za­nyp, köp ýurt­da su­şi res­to­ran­la­ry açyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da su­şi sa­şi­mi we una­gi ýa­ly tä­ze­çe usul­lar­da hem taý­ýar­la­nyl­ýar.
Fa­la­fel. Ow­ra­dy­lan no­hut bi­len kün­jü­den mynç­gy­la­nyp, tok­ga­lap gow­rul­ýan fa­la­fel Ýa­kyn Gün­do­gar aş­ha­na­sy­nyň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri­dir. Esa­san hem, bu iý­mi­ti taý­ýar­la­ma­ga mü­sür we li­wan aş­ha­na­la­ryn­da has üns be­ril­ýär. «Gow­ru­lan top­ja­gaz» hem di­ýil­ýän bu ta­ga­ma çö­rek owun­tyk­la­ry­dyr duz­la­nan gök önüm­ler hem go­şu­lyp, gök ot­lar bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. Fa­la­fel Du­ba­ýyň kö­çe ta­gam­la­ry­nyň iň meş­hur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Suw­la­ki. Gre­si­ýa­nyň paý­tag­ty Afi­ny şä­he­ri hem sy­ýa­hat­çy­la­ra bir­nä­çe lez­zet­li ta­gam­la­ry hö­dür­le­ýär. Şä­he­riň kö­çe na­har­la­ry­nyň bi­ri bo­lan suw­la­ki ýur­duň iň meş­hur ta­gam­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ke­bap gör­nü­şin­de köz­de bi­şi­ril­ýän bu ta­gam ýu­ka­jyk çö­re­giň ara­sy­na goý­lup, li­mon, gök ot­lar, po­mi­dor go­ýult­ma­sy bi­len bi­le­lik­de be­ril­ýär. Esa­san, go­ýun etin­den bi­şi­ril­ýän suw­la­ki kä­te sy­gyr, to­wuk etin­de­n hem taý­ýar­la­nyl­ýar.
Borş. Gün­do­gar Ýew­ro­pa­da we De­mir­ga­zyk Azi­ýa­da giň­den ýaý­ran çor­ba­nyň bu gör­nü­şi gy­zyl reň­ki bi­len ta­nal­ýar. Borş gaý­na­dy­lan etiň üs­tü­ne ke­lem, şu­gun­dyr, şeý­le hem gök önüm­ler (so­gan, kä­şir, kar­toş­ka, po­mi­dor, gök ot­lar) sal­nyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Bu çor­ba­ny is­le­ge gö­rä di­ňe gök önüm­ler­den hem taý­ýar­lap bol­ýar. Şeý­le hem kä­bir ýer­de borş ba­lyk­dyr gök önüm­ler bi­len bi­le­lik­de hem bi­şi­ril­ýär. Borş taý­ýar bo­lan­dan soň gaý­mak, gaý­na­dy­lan ýu­murt­ga we kar­toş­ka pü­re­si bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. Süý­jüm­tik çor­ba so­wuk ýurt­la­ryň iň meş­hur na­har­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.