Dünýäniň käbir meşhur şäherlerinde ýüzlerçe ýyldan bäri ähmiýetini ýitirmän gelýän binalar bar. Şolaryň biri hem Pariždäki Eýfel diňidir. Fransiýanyň paýtagtynyň nyşany hasaplanýan Eýfel diňi 1889-njy ýylda şäherde geçiriljek Bütindünýä sergi mynasybetli gurulýar. Beýikligi 300 metrden geçýän, polat gurluşlardan düzülen bina esasy üç bölekden ybarat. Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän binalarynyň arasynda hemişe öňdeligi eýeleýän Eýfeliň ýokarsyndan şäheri synlamak isleýän myhmanlar birnäçe sagat nobata durmaly bolýarlar. Onuň depesine liftli hem-de basgançaklardan çykyp bolýar. Ilkibaşda wagtlaýyn gurlandygyna garamazdan, bu binany köpçüligiň halamagy bilen ony saklap galýarlar.

Eýfel diňiniň asyl nusgasynyň Parižde ýerleşýändigine garamazdan, «A» harpyna meňzeş uzyn binanyň dürli şäherlerde göçme nusgalary hem bar. ABŞ-da, Ýaponiýada, Angliýada, Pakistanda, Hytaýda, Braziliýada, Meksikada, Germaniýada we Russiýada Eýfel diňiniň öýkünme nusgalaryny görmek bolýar. Ýer ýüzünde Eýfel diňiniň 50-den gowrak nusgasy bar.
1894-nji ýylda Angliýada Eýfel diňinden ylham alnyp 158 metr beýiklikdäki Blekpul diňi gurulýar. Ýokarsynda şäheri synlaýyş meýdançasy bolan bu binanyň çäginde kinoteatr, tans meýdançasy, sirk we sergi zaly bar.
1958-nji ýylda Tokioda 333 metrlik ak-gyzyl reňkli Eýfel diňi gurulýar. Asyl nusgadan beýik bolan bu bina teleradio diňi bolup, «Tokio diňi» diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, Ýaponiýada Eýfele meňzeş kiçi nusgadaky diňleriň birnäçesi bar.
1995-nji ýylda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde Eýfele meňzeş diň we Pariždäki jaýlara meňzeş binalar toplumy gurulýar. Las-Wegasdaky Eýfeliň beýikligi Pariždäkiniň ýarysyna (165 m) barabar. ABŞ-nyň iň köp syýahatçy kabul edilýän şäherinde 1995-nji ýylda Eýfel diňi we Pariždäki beýleki binalar hem gurulýar. Bu bina Las-Wegasda has köp syýahatçy kabul etmek maksady bilen gurulýar.
2007-nji ýylda Hytaýyň Hançžou şäherinde hem şeýle bina gurulýar. Bu ýerde diňe Eýfel däl, eýsem, Pariž şäherindäki jaýlaryň, çüwdürimleriň we seýilgähleriň hem meňzeşleri gurulýar. Binanyň töwereginde 10 müň ilatyň ýaşamagyna niýetlenen binalar toplumy hem bar. Beýikligi hakyky Eýfeliň üçden birine barabar bolan «Tianducheng» diňi şäheri has-da owadan görkezýär. Bu ýerde nika dabaralary geçirilýär.
Meksikanyň Durango ştatyndaky Gomes-Palasio şäherinde hem 150 metr beýiklikde «Torre Eiffel» diňi bar. Şäheriň meşhur meýdançasy hasaplanýan bu ýerde gezelenç etmek bilen bir hatarda, surat çekmek bäsleşikleri geçirilýär.
PDF









